Şerigatyň birnäçe hökümlerini beýan edýän SÜÝJI SÖZLER

Elezzul Kelam fiy beyani bagzul ahkam
Şerigatyň birnäçe hökümlerini beýan edýän
SÜÝJI SÖZLER
(Edep Kitaby)
Ýazan:
Beýik ussat al-Häj Abdyrahman ahund Teňli tagsyrlar
Latyn ýazuwynda
Bu faýl pdf görnüşinde
Kitabyň gysgaça mazmuny
Bismillähi-Rahmany-Rahym
Sansyz öwgü-mahabatlar, hamdu-senalar bolsun Beýik Halygymyz bolan
Allatagalaga, oldur bizi ýokdan bar eden, jümle mahluklaryň arasynda sylagly ynsan
edip ýaradan, jümle ynsanlaryň içinde ummaty Muhammedi (saw) – mömin we
musulman edip ýaradan, jümle musulmanlaryň içinde-de “Türki iman” (Imanly türki
halklary) diýen hormatly ada eýe bolan imanly türkmenlerden edip ýaradan Beýik
Taňrymyzdyr. Ýen-de sansyz salam we salawatlar bolsun Allatagalanyň söýgüli
Resuly, pygamberleriň iň sylaglysy, jümle jahanyň guwanjy, görkli pygamberimiz
Muhammedi Mustafa Salliallahu aleýhy wesellemge, onuň ähli-beýtine, sahabalaryna,
tabygynlara, müjtehidlere, ulamalara we hemme ummatyna.
Essalamu aleýkum wa Rahmatullahi wa Barakatuh !
Eziz musulman doganlar! Bu eliňize alyp, okamaga başlan kitabyňyzyň arap
dilindäki ady “Elezzul Kelam fiý beýany bagzyl ahkam”. Munuň sözme-söz terjimesi
şeýle: “Käbir hökümleri beýan edip, aýdylan kelamlaryň lezzetlisi”. Bu ýerde getirilen
“höküm” sözi “şerigatyň hökümleri” manysyndadyr. Oňa görä biz bu kitabyň türkmen
dilindäki adyny “Şerigatyň birnäçe hökümlerini beýan edýän süýji sözler” diýip aldyk.
Bu kitaby ýazan beýik ussat allama al-Häj Abdyrahman ahun Teňli tagsyrlardyr.
Bu kitap ol beýik ussadyň ýiti galamyndan çykan ýüzlerçe sany kitaplarynyň
biridir. Allatagala her bir ýaradan zadynda, her bir işinde hikmet goýupdyr. Hikmet
diýmek, paýhas diýmekdir. Hiç bir zat Allatagalanyň hikmetinden, paýhasyndan boş
däldir. Şoňa görä ussat bu kitabynda-da köp-köp hikmetli kelamlary getiripdir.
Eziz musulman doganlar, siziň her biriňiz hem bu hikmetlerden öz paýyňyzy
alyp, olary hem bu dünýäňize, hem o dünýäňize peýdaly bolar ýaly edip ulanmagy
başararsyňyz diýip umyt edýäris we bu kitabyň içindäkileri okap, öwrenip hem öwredip
uly sogaplara eýe bolmagyňyz üçin Allatagalanyň keremli dergähinden uly umyt bilen
siziň üçin köp-köp doga dileg edýäris. Allatagala hemmäňize towfyk we hedaýat bersin!
Bu kitapdaky şerigatyň hökümleri Ymam Agzam Hanafy rahmatullahyň
mezhebine laýyk gelýän hökümlere esaslanyp ýazylandyr.
Bu kitap girişden, on sekiz sany esasy bölümden, öwüt-nesihatlardan alynmaly
netijelerden hem-de doga dileglerden ybaratdyr.
Beýik ussadyň aglaba kitaplarynda we öwüt-nesihatlarynda bolşy ýaly, bu
kitabynda hem deslapdan Allatgalanyň beren nygmatlaryna şükür etmek hakynda
gürrüňlerden başlaýar. Bilip goýuň, bir zat köp gaýtalanyp aýdylýan bolsa, şol zadyň
örän möhüm zatdygyna ünsi çekmek üçin aýdylýandyr. Allatagala öz Kelamy şerifinde
namazyň we zekatyň ähmiýetiniň nä derejede ulydygyny nygtamak üçin “Namazyňyza
pugta duruň we zakatyňyzy beriň” diýip örän köp gezek gaýtalap-gaýtalap aýdypdyr.
Söýgüli Pygamberimiz Muhammet Mustafa saw bir zadyň möhümdigine adamlaryň
ünsüni çekjek bolanda, şol sözüni iki, üç hat-da dört gezek gaýtalap aýdar eken.
Ynha, şundan belli bolýar, beýik ussadyň her kitabynda “Allatagalanyň beren
nygmatyna şükür ediň!” diýip gaýtalap-gaýtalap aýdýan gepi – biziň üçin bähbitli we
peýdaly bolan zatdyr, oňa hökman üns berip, ony bilip, öwrenip, öz ýaşaýşymyzda
ulanmagymyz gerek bolan möhüm we örän hikmetli zatdyr.
Bu kitabyň esasy bölümleri gysgaça şulardan ybarat:
Þ iýmek we içmekligiň hökümleri, ýerde, suwda ýaşaýan wagşy we eldeki
haýwanlardan hem-de guşlardan eti haram we halal bolanlary hakynda;
Þ halal bolan haýwanlardan damagy çalynsa-da etiniň iýilmegi haram bolanlary
hakynda;
Þ damagy çalnan halal haýwanlaryň iýilýän agzalary we iýmeli däl agzalary
hakynda;
Þ şerigatda etmekligi dogry saýylmaýan işler hem-de musulmanlaryň arasynda
adatça edilmegi gowy görülýän işler hakynda;
Þ içilmegi gowy görülýän içgiler we iýilmegi halanýan iýmitler, naharlar, gök
önümler, iýr-iýmişler, miweler we şuňa meňzeş zatlar hakynda;
Þ em hökmünde ulanylmagy gowy görülýän dermanlyk ösümlikler we beýleki
zatlar hakynda;
Þ tagam iýmekligiň edepleri hakynda;
Þ öwüt-nesihatlardan alynmaly netijeler hakynda;
Þ doga-dilegler.
Pygamber Ekrem saw “Bir musulman beýleki bir musulman dogany üçin dogadileg
etse, onuň dogasy kabul edilmän galmaz” diýipdir. Biz hem söýgüli
Pygamberimiziň saw şu sözüne uýup, hemme mömin-musulman doganlarymyz üçin
doga-dileg edýäris.
Eý, hemme nogsanlykladan päk bolan Beýik Taňrymyz!
Bu kitapda aýatlary getirilen Kurany-Kerimiň hormatyna, hadysalary beýan
edilen Resulallajanyň hormatyna, seniň söýgüli dostlaryň, öwlýäleriň, pirleriň,
salyhlaryň hormatyna, şu kitaby ýazana, ony yhlas bilen okanlara, okadanlara,
diňlänlere, öwrenenlere we öwredenlere iň azyndan şu kitabyň içindaki harplaryň
sanyça sogap ber, olaryň tobalaryny kabul edip, günälerini geç! Öz hikmetleriňden
habardar edip, olary uly derejelere ýetir! Her kim biz üçin bir haýyr doga etse, ony ýüz
müň esse edip, olaryň özlerine ýanynyň haýry-berketi bilen gaýtaryp ber!
Eý, hajatlarymyzy berýän we doga-dileglerimizi kabul edýän Allahym! Bu
günäkär guluň-da günälerini geçip, ony bagyşla! Bu bendäň musulman doganlary üçin
eden dileg-dogalaryny kabul et!
Birahmatike ýä Arham Arraahymyýn we selamun alal mursalyn wel-hamdu
Lillähi Rebbil-älemin. Ämin!
Her mejlisde, söhbetde şat eýläň biz garyby,
Eý, ýaranlar, ýat ediň haýr-u dogada bizni.
Kitabyň içindäkiler
1 Giriş 6
2 Nygmatlara şükür etmek 7
3 Iýmek we içmekligiň hökümleri 10
4 Wagşy haýwanlardan eti haram bolanlary 11
5 Eldeki (öý) haýwanlardan eti haram bolanlary 12
6 Guşlardan eti haram bolanlary 12
7 Ýerde ýaşaýan owunjak haýwanlardan eti haram
bolanlary 13
8 Suwda ýaşaýan haýwanlardan eti haram bolanlary 14
9 Etini iýmeklik halal bolan guşlar 15
10 Eti halal haýwanlardan damagy çalynsa-da haram
bolanlary 15
11 Haýwanlaryň taahyr (arassa) bolan agzalary 16
12 Damagy çalynan janlylardan iýmeli däl agzalary 17
13 Etmekligi dogry bolmadyk işler 17
14 Etmekligi meşrug bolan (şerigatda edilmekligi göwy
görülip, musulmanlaryň arasynda adat bolan) işler 19
15 Mergup bolan (içmekligi halanýan) içgiler 21
16 Mergup bolan (iýmekligi halanýan) iýmitler 23
17 Mergup bolan (gowy görülýän) iýr-iýmişler 30
18 Mergup bolan emler (halanylýan dermanlar) 34
19 Tagam iýmekligiň keýfiýeti (edepleri) 36
20 Üns beriň, Ägä boluň! 50
21 Doga-dileg 52
- GIRIŞ
اذلی خ لق الإنسان و جعلھ ذا الشُعور و النُطق و البَیان و قدَّر لھ الأقواتِ وا لأرزاقَ & ال حمد
فی کلِّ حینٍ و الأ وا ن و الصلاةُ و السلام علی سیدِنا محمّد سَیِّدِ انلإس و الجان، الّذی عَلَّمَنا
آدابَ الأکل و الشُّرب من أ ن ا وع الأطعَمَة ذاتِ الأ ث ا من و ع ل ی آ ل ھو أ صحابھ الّذِین تَواصَ وا
با لإیمان و العَمَل الصالِح و الإ تقان و الذین اتَّبَعُوھُم بالإ حسانإل ی یَومِ البَعثِ و الج مع و
ال حس اب و امل یز ان .
Hamd bolsun ynsany ýaradan ol töwri Allaha ki oňa duýmak üçin
duýgy, geplemek we beýan etmek üçin dil berdi, onuň üçin ähli wagt
ryskyny (iýmitini we ýaşaýşy üçin gerek bolan zatlarynyň hemmesini)
elin edip berdi.
Salawat we salam bolsun biziň hojaýynymyz Muhammede –
jynlaryň we janlaryň (adamlaryň) hojaýynyna, oldur ki bize arzyly
bolan dürli-dürli tagamlardan iýmekligiň we içmekligiň edebini
öwreden, we ýenе-de salawat we salam bolsun onuň maşgalasyna hemde
sahabalaryna – imanly bolamagy, salyh amallary etmegi, takwa
bolmagy ündänlere hem-de kyýamat gününe, hemmeleriň bir ýere
toplanjak gününe, hasap soraljak gününe we mizan terzisinde
sogaplaryň we günäleriň ölçeljek gününe çenli haýyr-yhsan etmekde
bularyň yzyna eýerenlere. Emma bagd:
Hormatly musulman doganlar! Oýanyň we biliň. Biziň Beýik
Taňrymyz iň artykmaç we sylagly ýaradan halky biz – ynsanlardyrys.
Ynsan bolanlaryň barysy şu dünýäde sylaglydyr we barça
mahluklardan üstemdir. Emma ahyretde sylagly boljak ynsanlar diňe
musulmanlardyr. Ahyretde kapyrlara sylag ýokdur. Belki olaryň paýy
diňe entemekdir we oda ýanmakdyr.
Biziň Beýik Taňrymyz öz mukaddes kelamy bolan Kurany-
Mejitde olara etjek işinden habar berip, aýtdy (Enfal süresiniň 36-njy
aýaty) :
Arapçasy: و الَّذِینَ کَفَرُوا إلَى جَھَنَّمَ یُحْشَرُونَ
Terjimesi: Kapyr bolup öten adamlary jähenneme tarap sürerler.
Ýagny, kapyrlary dowzaha eltip dykarlar we olar ebedi oduň içide
galarlar. Alla gorasyn beýle bolmakdan.
Onuň üçin, eý, musulman doganlar, (Allatagalanyň beren
zatlarynyň) şükürini etmeklik biziň barymyzyň borjumyzdyr.
- 7 –
- Nygmatlara şükür etmek
Eý, musulman doganlar!
Biziň Beýik Taňrymyz öz Kelamy-Gadymynda bize şu hili
buýruk beripdir (Nahl süresiniň 114-nji aýaty) :
Arapçasy : / و اشْکُرُوا نِعْمَةَ ا َِّ
Terjimesi: Siz Beýik Taňrynyň nygmatyna şükür ediň.
“Şükür” sözüniň manysy – Beýik Taňrynyň beren nygmatlarynyň
garşysynda gulluk görkezmekdir. Ýagny onuň beren nygmatlarynyň
her birini şol nygmaty berijiniň öz islän ýerine sarp etmekdir.
“Nygmat” sözüniň manysy – Taňrynyň öz bendesine ýagşylyk
etmek üçin beren zadydyr. Beýik Taňrynyň beren zatlarynyň barysy
bendesiniň bahbidinedir (peýdasynadyr). Onuň beren zatlaryna san
ýetmez.
Bu hakda Allatagala Kurany-Kerimde soýup aýdypdyr (Nahl
süresiniň 18-nji aýaty):
Arapçasy: لاتُحْصُوْھَا / و إنْ تَعُدُّوا نِعْمَةَ ا َِّ
Terjimesi: Eger Beýik Taňrynyň beren nygmatlaryny sanamakçy
bolsaňyz, ol nygmatlary sanap tükedip bimersiňiz.
Bes, onuň şükürini nädip ýerine ýetirjek. Bu barada hijri-kamary
senesiniň 691-nji ýylynda dünýäden geçen Şeýh Maslaheddin Sädi
Rahmatullahi aleýh özüniň bahry-rejez kanuny bilen pars dilinde ýazan
şygrynda şu hilli aýdypdyr:
Parsçasy:
بدنه ھم ان بھ کھ ز تقص یر خو ی ش عذر بھ درگ ا هخ دآا و رد
ور نھ س زا و ار خ دا و ن دیَ ش ک ت سن وان د کھ بج اآ و رد
Bende heman beh ke ze tagsyre hyýş Ozr be dergähe Hudaa aaword
Wer ne sezaawaare Hudawendiýeş Kes netawaned ke bejaa aaword
Bendäge laýygy günäsin ýaýa, Hakyň dergähinde soramak ötünç.
Ýogsa Haktagala beriljek paýa, Goşup hem başarmaz kiçijik gatanç.
Terjimesi: Bendäge laýyk ýagdaýy oldur ki özüniň kemçiligini boýun
alyp, Beýik Taňrydan ötünç diläp durmaly. Ýogsa hiç kim onuň
ululygyna laýyk iş edip başarmaz we onuň nygmatlarynyň şükürini
bitirip bilmez.
- 8 –
Hijri-kamary senesiniň 1137-nji ýylynda dünýäden geçen Hezretul
Şeýhul Mufassir Ysmaýyl Hakky kuddusy sirruh aýdypdyr:
Arapçasy:
و اعْلَمْ أنَّھُ لَوْ صُرِفَ جَمِیْعُ عُمُرِ الإنسَانِ إ ل یالأعْمَالِ الصَّالِحَةِ و إقَامَةِ الشُّکْرِ لَمَ اک افََأ نِعْمَةَ
الوُجُودِ فَضْلاً عَنْ سَائِرِ النِّعَمِ
Terjimesi: Sen takyk bilgil! Eger ynsan barça ömrüni salyh amallary
etmeklige we sükürini bitirmeklige sarp etse-de, hergiz diňe özüniň
tapylmak (ynsan edilip ýaradylmak) nygmatynyň şükürini-de bitirip
bilmez. Başga nygmatlarynyň şükürini bitirmeklig-ä beýlede dursun.
Onuň üçin bu Şeýh Mufassir kuddusy sirruh bahry-rejez kanuny
bilen şu sygryny düzüp, şeýle diýipdir:
Arapçasy:
لَوْ عِشْتُ ألْفَ عَامٍ فِیْ سَجْدَةٍ لِرَبِّیْ شُکْراً لِفَضْلِ یَوْمٍ لَمْ أقْضِ بِالتَّمَامِ و العَامُ ألْفُ شَھْرٍ و الشَّھْرُ ألْفُ یَوْمٍ و الیَوْمُ ألْفُ حِیْنٍ و الحِیْنُ ألْفُ عَامٍ Eger müň ýyl turmasam Rebbimiň sejdesinden,
Şükrüniň bir gününiň gelmerin hötdesinden.
Ýyllar müň aý bolsa-da, aýlar müň gün bolsa-da,
Günler müň sagat bolup, sagat müň ýyla dönse-de.
Terjimesi: Eger men bir günümiň şükürini bitirmek üçin müň ýyllap
kellämi galdyrman Beýik Taňryma sejde edip ýatsam-da, şol günüň
şükürini bitewi edip bilmerin. Eger ol ýyllaryň her biri müň aý bolsada,
ol aýlaryň her birisi müň gün bolsa-da, ol günleriň her birisi müň
sagat bolsa-da, ol sagatlaryň her birisi müň ýyl bolsa-da.
Ynha şu aýdylan geplerden belli boldy, Beýik Taňrynyň beren
nygmatlarynyň şükürini bitewi bitirmekden bendäniň ejizligi. Emma
aaryplar (haky tanan alymlar) öz sözlerinde hakykatdan habar berýän
şu hikmetli sözi aýdypdyrlar:
Arapçasy: مَا لا یُدْرَکُ کُلُّھُ لا یُتْرَکُ کُلُّھُ
Terjimesi: Her bir zadyň barysyny bitirip bolmaýar diýip, onuň
barysyndan el üzmeli däl. Belki şondan başaranyňy hökman etmeli.
Güýjüň ýeten zadyndan gaýra durmaly däl. Bolsa barysy, bolmasa
ýarysy. - 9 –
Beýik Taňrynyň bizlere beren nygmatlary iki bölümdir:
Birinji bölümi نعمةٌ نَفْعِیَّةٌ nygmatun nefgyýýatun (nepi ýetiýän
nygmatlardyr). Ýagny, bendäniň nepi üçin we ondan
peýdalanmaklygy üçin berlen nygmatydyr, mysal üçin: iman we yslam
nygmaty ýaly. Şu nygmat nygmatlaryň içinde iň ullakan bolan
nygmatdyr.
Hezreti Ýakup aleýhissalama “Ýusup ogluň bar” diýip, buşlukçy
gelende, ol “Ýusup nähili ýagdaýda” diýip sorapdyr. Şonda buşlukçy
“Ýusup Müsüriň patyşasy bolup otyr” diýip aýdypdyr. Hezreti Ýakup
aleýhissalam “Maňa onuň patyşalygy möhüm däl, dininden soraýaryn”
diýipdir. Buşlukçy “Ol yslam dininde” diýip habar beripdir. Şonda
Hezreti Ýakup aleýhissalam şeýle diýipdir:
Arapçasy: الآنَ تَمَّتِ النِّعْمَةُ عَلَى یَعْقُوْبَ و عَلَ آىلِ یَعْقُوْبَ
Terjimesi: Edil şu wagtda bitewilendi Beýik Taňrynyň Ýakuba we onuň
öwlatlaryna beren nygmatlary.
Yslamy ýok ynsanyň dünýäde hiç nygmaty ýokdur. Yslamy bar
ynsanyň-da dünýäde hiç musybaty ýokdur.
Hezreti Ýakup aleýhissalamyň şu geplerinden iň ullakan
nygmatyň we bagtyň yslamdygy belli boldy. Edil şonuň ýaly nygmatun
nafgyýýatundyr: ylym-yrfan nygmaty, akyl-iman nygmaty, towfyktakwa
we emnu-aman nygmaty, sehhat-salamaty (saglyk), haýatuebewaan
(ata-eneň barlygy) nygmaty, furug öwlad (nesiliň ýaýramagy)
we keserat yhwan (doganlaryň köp bolmagy) nygmaty, garyndaş,
akraba, kowmu-hyýşan we bestegan nygmaty, barça il-gün, ulama,
fuzala we saalyhan nygmaty. Bu mal-mülkler, öý-öýjükler we eşýaýyferawan
nygmaty. Şu aýdylan zatlayň barysy lezzetu-arwah (ruhuňa
lezzet berýän) we asaýeş edýän (rahatlyk berýän) nygmatydyr.
Nygmatyň ikinji bölümi نِعْمَةٌ دَفْعِیَّةٌ nygmatun defgyýýatundyr
(dep edýän nygmatlardyr). Ýagny, ynsanyň başyna geljek
horluklarynyň we entemekleriniň defg edilmek (dep edip, aradan
aýyrjak) we şol azaplary gaýtarmak nygmatydyr. Biz musulmanlardan
küfür, şirk we zelalat defg bolmak nygmatydyr. Biz musulmanlardan
fysku-fujuwr (pyssy-pujurlyk) we şerarat (her hili şer işleriň) defg
bolmak (dep bolup, aradan aýrylmak) nygmatydyr. Biz
musulmanlardan nadany hemagaty jahalat (jahyllyk hemagatyny - 10 –
bilmezlik) defg bolmak nygmatydyr. Biz musulman ýurtlaryndan
harju-marj, zulum we sütem naemni defg bolmak (zulum-sütem
edilmek howpunyň dep bolup aradan aýrylmak) nygmatydyr.
Beýik Taňrynyň öz bendeleriniň gözlerinden körlügi
aýyrmaklygy, olaryň gulaklaryndan kerligi aýyrmaklygy, dillerinden
lallygy aýyrmaklygy, el-aýaklaryndan bihessligi (ysgynsyzlygy) we
şel açmaklygy aýyrmaklygy, barça endamlaryndan elem-azarlaryny,
dert-kesalatlaryny aýyrmaklygy, akyllaryndan eblehu-sefaahaty
(kemakyllygy), jynlamagy we tentekligi aýyrmaklygy, bendeleriniň
mal we mataglaryndan (ýaşaýyş üçin ulanýan her bir zadyndan), barça
emkanatlaryndan (elinde bar bolan mümkinçilikleinden) heläkät-u
nabudyny (heläk bolup ýok bolmaklyk howpuny) aýyrmaklygy, şu
bilinmän we görünmän gelýän belalaryň we musybatlaryň
milýardlarçasy bardyr, barysy Beýik Taňrynyň bize enaýat (ýardam)
edip, bizden dep edip (sowan) belalarydyr. Munuň barysyna
“nygmatun defgyýýe” (Dep ediji nygmatlar) diýýärler. Şonuň-da
şükürini etmeklik hökman gerekdir.
- Iýmek we içmekligiň hökümleri
Iýmek-içmekde 4 (dört) tüýsli höküm bardyr.
Birinji parz bolan hökümdir, her kişi aç-suwsuz heläk bolmaz
ýaly öz janyny ölümden saklar ýaly iýip-içmekligi parzy-aýndyr1.
Kuran, al-Agraf süresi, 31-nji aýt: کُلُوا و اشْرَبُ وا
Terjimesi: Eý, bendelerim! Siziň iýiň we içiň!
Her bir musulman bilgeşlije hiç zat iýmäni-içmäni öläýse, gaty
günäkär bolup öler. Alla saklasyn beýle bolmakdan.
Ikinjisi mustahab2 bolan hökümdir, her kişi öz namazyny dik
durup okamaklyga güýç-kuwwat tapar ýaly we orazasyny aňsatlyk
bilen tutar ýaly ýagdaýy bolmak üçin iýip-içmekligi mustahabdyr.
Ýahny şol hilli ýagdaý bilen iýip-içmeklikde sogap bardyr.
Hadys: إنَّ للهَ تَعالی لَیُؤْجِرُ فِی کُلِّ شَیءٍ حَتَّى اللُّقْمَةِ یَرْفَعُھَا العَبْدُ إلَى فِیْھِ
Terjime: Dogrusy beýik Taňry şol bendesiniň barça işlerine sogap
berer. Hat-da eli bilen göterip, agzyna salýan lukmasyna-da sogap
berer.
1 Parzy-aýn: Hökmany suratda her bir adamyň hut özüniň berjaý etmeli parzy.
2 Mustahab: Şu işi etmekde köp sogaplar bardyr, emma etmaniň bilen-de günäkärçiligi ýok.
- 11 –
Üçünjisi mubah3 bolan hökümdir. Ýagny mustahab bolan
ýagdaýdan artykmaçrak iýip-içmeklik, meselem tä doýýançaň iýmek.
Bu hilli iýip-içmekde sogap-da ýokdur, günä-de ýokdur. Diňe jaýyz
bolan (rugsat edilen hökümdir).
Hadys: ھَلْ لَکَ مِنْ مَالِکَ إلَّا مَا أ کَلْتَ فَأفْ نَیْتَ
Terjimesi: Malyňdan seňki boljak mal ýokdur, meger özüň iýip, aradan
aýranyň özüňkidir.
Ýagny iýip-içip siňdiren iýmitiň, geýip we münüp könelden egin-eşigiň,
maşynyň, gurup ýaşan jaýyň diňe özüňe nesip eden malyňdyr,
beýlekileri seniň nesibiň däldir diýen manyda.
Dördünjisi haram4 bolan hökümdir. Ýagny, doýanyňdan soňra iýipiçmeklik
günäkärçilikdir. Diňe ertiriniň Orazasyna kuwwatly bolaýyn
diýip känräk iýip-içmeginiň zyýany ýokdur ýa-da bir ýerden del
myhman gelende, şony utandyrmajak bolup känräk iýip-içmekliginiňde
zyýany ýokdur. Şol iki ýagdaýdan başga ýerde dok halynda iýipiçmeklik
haramdyr.
Kuran, al-Agraf süresi, 31-nji aýt: کُلُوا وَ اشْرَبُ وا و لا تُسْرِفُوا
Terjimesi: Siz tagamlardan iýiň we suwlardan içiň, köp iýip we içip
isrip etmäň. Köp iýip-içmeklik mallaryňyza noksan (zyýan) ýetirer,
janyňyza keselçilik getirer.
Hadys: مَا مَلَأ آدَمِیٌّ وِعَاءً شَرّاً مِنْ بَطْنِھِ
Terjimesi: Hiç bir adam öz garnyndan başga ýaman ýigrenji gabyny
dolduran däldir. Onuň üçin kän iýmek günä boldy.
- Wagşy haýwanlardan eti haram bolanlary
Şu jedweldäki (Tablisadaky) 3 dil bilen atlary beýan edilen
haýwanlaryň etlerini iýmeklik yslam şerigatynda haramdyr:
Türki – Türkmençesi Parsçasy Arapçasy
Tomuz
Ýabany doňuz (garakeýik)
خِنْزِیْر خُوک
Arslan – Ýolbars أسَد شری
Gaplan – Gaplaň نَمِر پلن گ
Gurt – Möjek ذِئب گر گ
Pars – Bars فَھْد یوز
Dilku – Tilki ثَعْلَبْ ر ب واه
Syrtlan – Syrtlan ضَبْع کفتار
3 Mubah: Etmeklige rugsat berilen amal, emma muny etmekde sogap-da ýok, günä-de ýokdur.
4 Haram: Etmekligi düýbünden gadagan edilen işler. Muny edenler juda uly günäkär bolarlar.
- 12 –
Pil – Pil فِیل فلی
Geredan – Kergeden کَرْکَدَّن کرگدن
Aýu – aýy دُبّ خسر
Maýmun – maýmyn قِرَدْ بوز ینھ
Çakal – şagal اِبْن آوِیْ شُغال
Su samuru
samyr
سومر
نوعی از ر ب واه
سَمّور
Kirpi – kirpi قُنفُذ خرا پشت
Saksar – ýabany pişik دَلَقْ دَلَھ گربھ صحرایی
Dişi bilen aw awlaýan her
ýyrtyjy haýwan
کُلُّ ذِی نَابٍ ھ رح یو ان در نده
- Eldeki (öý) haýwanlardan eti haram bolanlary
Türki – Türkmençesi Parsçasy Arapçasy
It – it کَلْب سگ
Eşek – eşek حِمَ ار خ ر الاغ
Katyr – gatyr بَغْل اَسْتَر
At baýtal – Gylýal خَیْل ف رَس اسب
Kedi – pişik ھِرَّة گربھ
Itleriň her görnüşleri
(tazylar, tulalar)
أنواعُ الکَلْب ھنروعِ سگ ھا
Eger düýe, sygyr, goýun,
geçi, towuk ýaly
haýwanlar mydama
nejasat iýip gezýän bolsa
جَلَّالَة حوی ان نج است خو ار
Eti iýilýän haýwanlar
damagy çalnanda
bilgeşlin Bismilläni
aýdylmadyk bolsa
آ نم ذبوحی کھ یاد کرده نش د
نا م خ د ا بر وی
ما لَم یُذْکَر اسْمُ للهِ علیھِ فی
الذَّبْحِ - Guşlärdan eti haram bolanlary
Türki – Türkmençesi Parsçasy Arapçasy
Çakyr çaýlak – çaý صَقْر چغر
Kartal, akbaba, dinlän
Dazzarkel ýaly ýyrtyjy guşlar
نَسْر کرکس
Tuýur jaryhadan togan
anwayndan buýuk guşdur
Aw guşy, Şahin
شَاھِ ین پر نهد شک اری از ج نس س یاه چش م
Togan guşy
algyr, ütelge, torguş
بَازِی پرنده شک اری د ار ا ی م نقار خم یده
- 13 –
Atmaja didikleri guş aw
guşy, başak
بَاشَقْ بَاشَھ
Dolankyç dedikleri guş
Çaý çaňňalyň bir görnüşi
حدَأة زَغَنْ غَلِیوَ اج
Ufajyk, küçürik guş
Maslyk iýýän guş
مرغ یست تریه ر نگ کھ مرد ار
مخیورد
بُغَاثْ
Towşançyl guşy
Garaguş, bürgüt
أبْقَعْ کلاغ س یاه و س فید
Alaja garga
Ala gakgarga (Alahekek)
أبْقَعْ کلاغ س یاه و س فید
Papagan – Toty guş بَبْغَ اء طویط
Ýarasy guşy – Körsyçan
(Ýarganat)
خُفَّ اش ش بپره
Tyrnagy ýyrtyjy guşlar –
Çeňňesi (dirnaklary) bilen
aw awlaýan guşlar
کُلُّ ذی مِخْلَبٍ مِنَ چگنل د ار پر نده
الطُّیُورِ یَصِیْدُ بھ، اِ ی
ذی ظ فر
Hadys:
إنَّ رَسُولُ للهِ صَلَّى للهُ عَلیھِ و سَلَّمَ نَھَى یَوْمَ خَیْبَرَ عَنْ لُحُوْمِ الخَیْلِ و البِغَالِ وَ الحَمِیْرِ و کُلِّ ذِی
نَابٍ مِنَ السَّبُعِ أو مِخْلَبٍ مِنَ الطَّیْرِ
Terjimesi: Dogrusy Rasul ekrem salli Allahu wesellem (saw) Haýbar
galasynyň urşunda gylýallaryň, gatyrlaryň we eşekleriň we dişi bilen
ýyrtguwjy haýwanlaryň ýa-da çeňňesi (dyrnaklary) bilen aw awlaýan
guşlaryň etlerini iýmeklikden gaýtardy. Ýagny şol haýwanlaryň
etlerini haram aýlandyrdy.
- Ýerde ýaşaýan owunjak haýwanlardan eti haram bolanlary
Türki – Türkmençesi Parsçasy Arapçasy
Ýilan – ýylan حَیَّة مرا
Akreb – içýan عَقْرَب کژدم
Saçan – syçan فَأرَة مو ش
Kablubaga – pyşbaga سُلَحْفَ اة لاک پشت
Büýük keler – paşlak
(suwlugan, kelpeze)
وَزَغَة مرامو لک
Kurbaga – Gurbaga ضِفْدِع قور باغھ
Tiýn – awysiýdik (belka) سِنْجَ اب سجن ا ب
Tokuzlan – saçakçy
(taralkan)
جُعَل سسوک س رگین غ لتان
Ýaban farasy – girden
(çöl çyçan)
جَرْبُ و عیَ رْبُ وع کَلاکْمُ وش
Kara sekek – siňek ذُبَ اب مگ س
- 14 –
Kelebek – kebelek فَرَاشَة پرو انھ
Asal arysy – Balary نَحل زبنور
Kelinjik – porsygözen اِبْنُ عِرْس رسا و
Kertengele – zemzen,
geçi emen
ضَبْ سسو م ار
Büýük keler – paşlak,
hazzyk
سَامُّ أبْرَص مَاتُ رن گ
Pire – büre بُرْغُ وث ک ککی ک
Siwri sinek – çybyn بَعُوْض پشھ
Bit قَمْل شپ ش
Kene – Gäne (sakyrtga) قراد کھن
Nejasat möjegi –
togusman (tomzak)
خُنْفَسَ اء سسوک کوچک
Arsyk sygar haýwany –
ýer astynda ýaşaýan
haýwanlar
ھَوَامُّ الأرْضِ جناور ان ر یز زم ین
- Suwda ýaşaýan haýwanlardan eti haram bolanlary
Türki – Türkmençesi Parsçasy Arapçasy
Degez adamsy – suw
adamsy
إنسانُ المَ اء ان س ان آ بی
Bir golly, bir aýakl ýarty
adam şeklinde janawar
جناوری ا ست م انند ن صف
ان س ان یک دست یک پا
نَسْنَ اس
Kelere begzer bir
janawar – zemzeme
meňzeş bir haýwan
جناوری ا ست ش بیھ بھ
سسو م ار
سَقَنْقَوْر
Ýerase begzer
Körsyçana (ýarganata)
meňzeş bir haýwan
شَفْنَیْن جناوری ا ست بشکل خ فا ش
Ýengeç su haýwany –
eşek aňňyrtdy (leňňeç)
سَرَطَ ان خرن گچ
Tawşan – deňiz towşany أرْنَب خگروش
Kablubage – deňiz
pyşbagasy
سُلَحْفَ اة لاک پشت
At – deňiz aty فَرَس اسب
Kerpi – deňiz kirpisi قُنْفُذ خرا پشت
Sygyr – deňiz sygyry بَقَرَة گوا
Buýuk ýilan – aždarha تِنِّیْن مرا بزرگ عر یض و پھن
Tomuz – deňiz doňuzy خِنْزِیْر خکو
Duwe – deňiz düýesi جَمَل شرت
Çekirke – deňiz
çekirtgesi (krewetka)
جَرَ اد مخل
- 15 –
Sebäpsiz ölüp, suwuň
ýüzünde gaýýan balyk
سَمَکٌ طافِیٌّ مھای مرده کھ روی آ با فتاده
Deňiz-derýalardaky
haýwanlaryň hemmesi,
balyklaryň dürli
görnüşlerinden başgasy
تمام حوی انا ت در یائی بجز
اون اع م اھی ھ ا
کلُُّ حَیْوَانٍ بَحْرِیٍّ غَیْرِ أنوَاعِ
السَّمَکِ
- Etini iýmeklik halal bolan guşlar
Türki – Türkmençesi Parsçasy Arapçasy
Serçe – serçe عُصْفُ ور گجنشک
Alyşyk we ýabaniň gökerçini
– ekdi we çöl kepderi
حمام اھلی و بَرِّی کوب تر ر ام شهد و وحشی
Duwe guşy – düýeguş نَعَامَة شرتمرغ
Alişik we ýaban tawuklari –
öý we düz towuklary
دُجُجٌ اَھْلِیَّة و وَحْشِیَّة مرغھ ا ی مح لی و وحشی
Turaj – turaç دُرَّاجَة دراج پ ور جبر
Ababil – dag garlawajy أبَ ابیل کاکیای پازرد
Alişik we deniz gazy – ekdi
we ýabany ördekler
إوَزْ اھلی و مائی اردک مح لی وآ بی
Alişik we deniz gazy – ekdi
we ýabany gazlar
بَطّ اھلی و بحریّ غزا مح لی وآ بی
Ýalwa guşy – bedene سَلویٰ بدلرچ ین
Turna – durna کُرکیّ کنلگ
Deňiz guşy – barak طَیْر مائِیّ چگنر
Durraja begzer guş –
gyrgawul
تَدْرُج تَذَروُ
Balkyjin – käkilik کَرَوَ ان کراو انک چنف ک
Çaňňasy (penjesi) bilen aw
almaýan we maslyk iýmeýän
her bir guş
ھرپرنده با چ نگ ال ص ید نک ند
و لاش ھ نخورد
کُلُّ طَیْرٍ لایَصِیْدُ بِمِخْلَبِھ و
لایَأ کلُُ الجَیْفَ - Eti halal haýwanlaryň damagy çalynsa-da haram bolanlary
- Bilgeşleýin “Bismilläni” aýtmaýanyň çalan guşy;
- Patyşa, wezir ýa-da ş.m. uly wezipeli adam gelende, şony ulaltmak
üçin ýa-da bir myhman gelende ony ulaltmak üçin şolaryň öňünde
çalnan mal; - Murtediň (yslam dininden aýrylan adamyň) çalan maly;
- Butparazlaryň çalan maly;
- 16 –
- Beýik Taňryny tanamaýan her bir kapyryň çalan maly;
- Düşünmeýän, many bilmeýän çagajygyň çalan maly;
- Däliniň çalan maly;
- Halaly (Yhramsyz) adamyň Heremiň (Käbäniň çäginde) awlan
maly hem-de Heremiň içinde (Käbäniň töwereginde) çalan maly; - Yhramly adamyň Heremiň awlaryndan çalan maly (muny Heremiň
içinde ýa-da Heremiň daşynda çalsyn, tapawudy ýokdur); - Aklyndan aýrylan mest, serhoş adamyň çalan maly;
Şu aýdylan adamlaryň öldüren haýwanlary haramdyr we ol
haýwanlaryň etlerini iýmek-de dogry däldir.
Kurany-Kerimiň aýatlary:
El-Angam, aýat- عَلَیْھِ و إنَّھُ لَفِسْقٌ : 121 / و لَا تَأ لکُوُا مِمَّا لَمْ یُذْکَرِ اسْمُ ا َِّ
Terjimesi: We sizler bilgeşli “Bismillä” aýdylmany damagy çalnan
janlynyň etinden iýmäň. Dogrusy şondan iýmeklik hökman
pasyklykdyr, Beýik Taňrynyň buýrugyndan çykmaklyk.
El-Maide, aýat- یا اَیُّھَا الَّذِیْنَ آمَنُوا لَا تَقْتُلُوا الصَّیْدَ و اَنْتُمْ حُرُمٌ : 95
Terjimesi: Eý, musulmanlar! Özüňize Haj ýa-da Umra üçin yhram
baglan ýagdaýyňyzda siz düzüň (meýdanyň) awyny öldürmäň.
El-Maide, aýat- و حُرِّمَ عَلَیْکُمْ صَیْدُ البَرِّ مَا دُمْتُمْ حُرُماً : 96
Terjimesi: Siziň Hajyň we Umranyň yhramynda bolan müddetleriňizde
(wagtlaryňyzda) düzüň awuny awlamaklyk size haram edildi. - Haýwanlaryň taahyr (arassa) bolan agzalary
- Ynsan bilen doňuzdan başga, damagy çalynmany ölen jandarlaryň
eýlenen derileri (Ynsanyň we doňuzuň derisi her ýagdaýda arassa
saýylmaýar); - Şu ikisinden (ynsan we doňuzdan) başga damagy çalnan jandarlaryň
etleri; - Ynsanyň saçy, sakgaly, murty, gaşy, kirpigi we beýleki tüýleri,
dyrnaklary, dişleri, süňkleri, siňirleri; - Doňuzdan başga damagy çalynmany ölen jandarlaryň tüýleri,
ýüňleri, çöpürleri, dyrnaklary, çüňkleri, çaňňallary (penjeleri),
dişleri, süňkleri, şahlary, toýnaklary, ýallary, guýruklary, derileri,
hamlary, haram ölen sygryň süýdi, haram ölen towugyň
ýumurtgasy, haram ölen süýt emýän owlagyň ýa-da guzynyň peýnir
maýasy (owuz süýdi). Hat-da şu ahyrky üçüsini iýmeklik-de
halaldyr.
- 17 –
- Damagy çalnan janlylardan iýmeli däl agzalary
“Bismilläh” aýdyp haýsy bir janlyny öldürseňiz, şonuň endamlaryndan
on agzasy iýmeklik haramdyr. Şolary “Rejezu muzeyyel” kanuny
(şygyr ýazmak üçin ulanylýan aruz ölçeginiň bir görnüşi) bilen şygyra
geçirip düşündiriş berdim.
Şygyr:
کُلُوا مِنَ المَذْبُوحِ اِلّا عَشْرَ شَ یء
قُبْلٌ و دُبْرٌ عُضْوُ نَسْلٍ خُصْیَتَانْ
مَرَارَةٌ مَثَانَةٌ عَظْمٌ نُخَاعْ
اُنْظُرْ دَمَاً و غُدَّةً یا مُقْلَتَانْ
Terjimesi: Siz damagy çalnyp öldürilen janlylaryňyzyň agzalaryndan
halan agzalaryny iýiň, emma şol janlylaryň on agzasynyň hiç birini
iýmeklik dogry bolmaz: erkeklik we urkaçylyk agzalary (ak et (perç),
syrt, gyýrjan, iýnek), öt, siýdiklik, süňk, oňurganyň ýüligi, damakgan,
mäzler.
Damak çalnan maldan her zat iýiňler, Emma şu onusyn iýmän goýuňlar.
Ak et, syrt, gyýyrjyn, siýdiklik, iýnek, Öt, süňk, ýülük, mäz, damakgan iýmek. - Etmekligi dogry bolmadyk işler
- Kapyrlaryň ýurduny watan tutup oturmak.
Hadys: أنَا بَرِیْءٌ مِنْ کُلِّ مُسْلِمٍ مُقِیْمٍ بَیْنَ ظَھْرَانَیِ المُشْرِکِیْنَ تَرَاءَیٰ نَارَاھُما
Terjimesi: Men bizardyryn haýsy bir musulman iki taýpanyň (iki
tarapyň, ýagny hem kapyrlaryň, hem musulmanlaryň) oduny görüpde
kapyrlaryň ýurdunda mukym (ýerli ýaşaýjy hökmünde) otursa. - Maldar ýa-da awçy bolmazdan gapyda it saklamak.
Hadys: مَنْ اِقْتَنَىٰ کَلْبًا إلّا لْ کَبَ مَاشِیَةٍ أو ضَارِیاً نَقَصَ مِنْ عَمَلِھِ کُلَّ یَوْمٍ قِیْرَاطٌ
Terjimesi: Haýsy bir adam maldar bolmany ýa-da şikärçi (awçy)
bolmany, gapysynda it saklasa, şonuň sogabyndan her günde bir karat
kemeler. “Karat” – bir bölek dinardyr. - Goltuk tüýleri we gasyk tüýleri aýyrmany hem-de dyrnaklary
almany, kyrk günden köp uzaga çekdirmek.
Hadys: وَقَّتَ لَنَا فِی قَلْمِ الأظْفَارِ و نَتْفِ الإبْطِ و حَلْقِ العَانَةِ أرْبَعِیْنَ یَوْماً
Terjimesi: Pygamber aleýhissalam biz üçin dyrnaklary kesmek,
goltuk we gasyk tüýlerini almak üçin kyrk gün möhlet belledi.
Ýagny, bu işleri berjaý etmekde kyrk günden gijä galmaklyk dogry
däldir.
- 18 –
- Ini haram adamlara, haýyzly (aýbaşysy gelen) we nifasly (täze çaga
dogran) hatynlara Kuran okamak bolanok.
Hadys: لا یَقْرأِ الجُنُبُ و لا الحَائِضُ شَیْئاً مِنَ القُرآنِ
Terjimesi: Ini haram adam, haýyzly hatyn Kurany-Kerimden bir
kelemäni-de okamasyn. - Musyýbaty gaty tutup (agyr ýas tutup), saç-sakal ýolup, gaty ses
bilen aglamak.
Hadys: أنَا بَرِىءٌ مِمَّنْ حَلَقَ و سَلَقَ و خَرَقَ
Terjimesi: Men musyýbat düşende, bitap bolup saçyny syran, gaty
ses bilen aglan we egin-başlaryny ýyrtan adamlardan bizardyryn. - Toýlarda deprek, tamdyra (dutar), gyjak çalmak.
Hadys: نَھَیٰ عن ضَرْبِ الدُّفِّ و لَعِبِ الصَّنْجِ و ضَرْبِ الزِّمَارَةِ
Terjimesi: Pygamber aleýhissalam nagra (deprek) kakmakdan,
tamdyra (kirişli saz) we gyjak ýaly sazlary çalmakdan ummatyny
gaýtardy. - Sarymsak, sogan iýip ýa-da çilim çekip metjide ýa-da märekä
barmak.
Hadys: مَنْ أ کَلَ ثُوْمًا أوْ بَصَلاً فَلْیَعْتَزِلْنَا و لْیَعْتَزِلْ مَسْجِدَنَا و لْیَقْعُدْ فِی بَیْتِھِ
Terjimesi: Haýsy bir adam sarymsak ýa-da sogan iýse, bize we biziň
metjidimize gelmesin we özüniň öýünde otursyn.
Çilimiň ysyny-da çilim çekmeýän adamlar örän ýigrenýändirler.
Onuň üçin çilimkeşleriň-de metjitlerde we märekelerde
görünmekleriniň zerurlygy ýokdur. - Işsizlikden keýpine gämä münmeklik.
Hadys: / لا یَرْکَبُ البَحْرَ إلّا حَاجٌّ أ وُمعْتَمِرٌ أ وغَازٍ فِى سَبِیْلِ ا َِّ
Terjimesi: Deňiz-derýada gämä münmeklik haja ýa-da umra
gidýänlerden hem-de din ýolunda Alla üçin jeň edýänlerden
başgasyna dogry däldir.
Hat-da söwda üçin-de gämä münse, şonuň kemal haryslygyndandyr
(gaty höwesjeňligindendir) we kanagatynyň ýoklugyndandyr. - Altyn-kümüşden bolan çemçeleri we gap-gaçlary ulanmaklyk.
Hadys: نَھَىٰ عَنِ الأکْلِ و الشُّرْبِ فی إنَاءِ الذَّھَبِ و الفِضَّةِ
Terjimesi: Pygamber alheýhissalam altyndan we kümüşden bolan
gaplardan iýip-içmeklikden nehiý etdi (saklanmagy buýurdy).
Bu ulular üçin-de, kiçiler üçin-de, erkekler üçin-de, aýallar üçinde
deňdir.
- 19 –
- Din şerigaty depeläp ýören pasyklary sylamaklyk.
Hadys: مَن أکْرَمَ فَاسِقاً فَقَدْ أعَانَ عَلَی ھَدْمِ الإسْلامِ
Terjimesi: Haýsy bir adam şerigatdan çykan zalymy (pasyk adamy)
sylasa, hakykat-da ol adam Yslam dinini bozmaklyga kömek
berýändir. - Etmekligi meşrug bolan (şerigatda edilmekligi göwy görülip,
musulmanlaryň arasynda adat bolan) işler - Kurany-Mejidi gowy ses bilen owadanlap okamaklyk.
Hadysy Sahyh: زَیِّنُوا القُرْآنَ بِأَصْوَاتِکُمْ فَإنَّ الصَّوْتَ الحَسَنَ یَزِیْدُ القُرْآنَ حُسْنًا
Terjimesi: Siz sesleriňiz bilen Kurany owadanlaň, dogrusy owadan,
gowy ses Kuranyň owadanlygyny artdyrar. - Pygamber alyhissalama köp salawat aýtmak.
Hadys: أوْلَیٰ النَّاسِ بِیْ فِیْ العُقْبَیٰ أکْثَرُھُمْ عَلَیَّ صَلَاةً
Terjimesi: Adamlaryň ahyret gününde maňa iň ýakyn bojaklary
maňa salawaty kän aýdýanlardyr. - Allatagalany çagyryp, kän doga-dileg etmeklik.
Hadys: ُ عِنْدَ الشَّدَائِدِ و الْکُرَبِ فَلْیُکْثِرِ الدُّعَاءَ فِى الرَّخَاءِ / مَنْ سَرَّهُ أنْ یَسْتَجِیْبَ ا َّ
Terjimesi: Haýsy bir adam gam-gussa we kynçylyga düşen
wagtynda özüniň doga-dilegleriniň Allatagala tarapyndan kabul
edilmegine begenmek isleýän bolsa, şol adam kynçylyk wagtynda
doga-dilegi kän etsin we Hudaýy kän çagyrsyn.
Ne beýle gowy gepdir, bu hakda aýdylan söz:
Arapça atalar sözi:
للهُ یَغْضَبُ إنْ تَرَکْتَ سُؤَالَھُ
و بَنِی آدَمَ حِیْنَ یُسْأَلُ یَغْضَبُ
Terjimesi:
Dileg etmeseň, Haalyk gazaplanar,
Dileg etseň, halk gazaplanar
Allatagalanyň gahary geler, eger özünden dileg edilmeklik terk
edilse. Emma Adam oglunyň gahary geler, eger özüne dileg salynsa.
Çünki adamlar ejizdir we dilegçileriň dileglerini berip başarmazlar.
Emma Beýik Taňry baýdyr, hemme halklaryň islegini berip
durandyr.
- 20 –
- Gijelerune turup, ybadat etmek.
Hadys:
رَکْعَتَانِ یَرْکَعُھُمَ اابْ نُ آدَمَ فِیْ جَوْفِ الْلَیْلِ اخِلآِر خَیْرٌ لَھُ مِنَ الدُّنْیَا وَ مَا فِیْھَ ا
وَ لَولا أنْ أشُقَّ عَلَی أمَّتِی لَفَرَضْتُھُما
Terjimesi: Adam oglunyň gijäniň ahyrky bölekleriniň içinde okaýan
iki rekagat nepil namazy onuň özi üçin dünýäden we bu dünýäniň
içindäki zatlardan gowudyr. Eger ummatyma çetin (kyn)
bolmasady, hökman şol iki rekagat namazy parz aýlandyrardym. - Her gün sadaka bermek.
Hadys: بَاکِرُوا بِالصَّدَقَةِ فَإنَّ الْبَلاءَ لا یَتَخَطَّى الصَّدَقَةَ
Terjimesi: Siz her gün sadaka beriň. Dogrusy belalar sadakadan
geçip bilmez, ýagny sadaka öz eýesini belalardan gorap saklar. - Musulman doganyň çakylygyna barmak.
Hadys: و رَسُولَھُ / مَنْ دُعِىَ فَلَمْ یُجِبْ فَقَدْ عَصَى ا ََّ
Terjimesi: Haýsy bir adam zyýapata ýa-da toýa çagyrylsa we çol
çagyrylan ýere barmasa, hakykatdan-da şol adam Allatagalanyň we
onuň Pygamberiniň öňünde günäkärdir.
Magtymguly işan aýdýar: “Çagyrlan ýere bar, irinme, durma” - Musulman doganyň musybatyna tesliýet aýtmak (gynanç we
duýgudaşlyk bildirmek).
Hadys: مَنْ عَزَّى مُصَابًا فَلَھُ مِثْلُ أجْرِهِ
Terjimesi: Habýsy bir adam bir musybatly adama köňüllük berse
(gynanjyny paýlaşsa), onuň-da sogaby musybet çekýäniňki ýalydyr. - Musulman doganyňa sataşanyňda salam bermeklik.
Hadysy Sahyh: أفْشُوا السَّلامَ بَینَکُمْ تَحَابُّوا
Terjimesi: Siz salam bermekligi öz araňyzda rowaç ediň, biribirileriňiz
bilen gowy görüşer ýaly we muhebbetli bolar ýaly. - Ahun-ulamalary hormatlap, sylamaklyk.
Hadys:
أکْرِمُوا العُلَمَاءَ فَإنَّھُمْ وَرَثَةُ الأنْبِیَآءِ فَمَنْ أکْرَمَھُمْ فَقَدْ أکْرَمَ للهَ و رَسُوْلَھُ
Terjimesi: Siz ylymly adamlara hormat goýup, sylaň. Dogrusy şol
alymlar pygamberleriň waryslarydyr (mirasdüşerleridir). Haýsy bir
adam şol ulamalary (ylymly adamlary) sylasa, hakykatda
Allatagalany we onuň Pygamberini syladygydyr.
- 21 –
- Dünýä gelen çaga üçin azanu-kamat aýtmaklyk.
Hadys: مَنْ وُلِدَ لَھُ فَأذَّنَ فِی أُذُنِھِ الیُمْنَىٰ و أقَامَ فِی أُذُنِھِ الیُسْرَىٰ لَمْ تَضُرَّهُ أُمُّ الصِّبْیَانِ
Terjimesi: Haýsy bir adamyň çagasy bolanda (ha ogul bolsun, ha
gyz bolsun tapawudy ýok) sag gulagyna azan aýtsa, sol (çep)
gulagyna kamat aýtsa, şol çaga ummus-subýandan aman galar.
“Ummus-subýan” – çaga ýolukýan dertdir. - Mergup bolan (içmekligi halanýan) içgiler
Hezreti Resuly ekrem salli Allahutagala aleýhi wesellem şu içgileri
öwüpdir:
Hadys: خَیْرُ الشَّرَابِ فِی الدُّنْیا و اخِلآرَةِ المَاءُ
Terjimesi: Dünýäde we ahyretde içilýän zatlaryň iň gowusy suwdyr.
Hadys: سَیِّدُ الشَّرَابِ المَاءُ
Terjimesi: Içilýän içgileriň iň artykmajy (içgileriň başdagy) suwdyr.
Hadys: مَاءُ زَمْزَمَ لِمَا شُرِبَ لَھُ
Terjime: Zemzem suwy näme niýet bilen içseň, sol bolar.
Suwdan ganmak niýet bilen içseň, ganarsyň. Saglyk niýeti bilen içseň,
sagalarsyň.
Hadys: المَاءُ لایَحِلُّ مَنْعُھُ
Terjimesi: Suw dilän adama suw bermäni kowmaklyk dogry bolmaz.
Hadys: اکَنَ أحَبَّ الشَّرَابِ إلَیْھِ العَسَلُ
Terjimesi: Pygamber aleýhissalamyň iň gowy görýän içgisi balyň
şerabydyr (baldan edilen süýji şerbetdir).
Hadys: اکَنَ أحَبَّ الشَّرَابِ إلَیْھِ اللَبَنُ
Terjime: Içilýän zatlardan Pygamber aleýhissalamyň iň gowy görýän
zady gatykdyr.
Hadys: مَا أعْلَمُ شَرَاباً یُجْزِئُ مِنَ الطَّعَامِ إلا اللَّبَنُ
Terjime: Naharyň ýerini tutjak hiç bir içgini bilmeýärin gatykdan
başga.
Ýagny, ömri ötýänçä hiç bir zat iýip-içmäni, diňe gatyk içip gezse-de
şonuň özi ýaşamaga ýeterlikdir, başga zada zerurlygy bolmaz.
Hadys: عَلَیْکُمْ بِألْبَانِ البَقَرِ، فَإنَّھَا تَرُمُّ مِنَ الشَّجَرِ کُلِّھِ و ھُوَ دَوَاءٌ مِنْ کُلِّ دَاءٍ
Terjime: Siz sygyryň gatygyny içmekligi özüňize lazym tutuň.
Dogrusy sygyr her dürli agaçdan (ösümlikden) iýip otlaýandyr. Onuň
gatygy barça dertlere dermandyr.
- 22 –
Hadys: فِ ألْ یب انِ البَقَرِ شِفَاءٌ
Terjime: Sygyryň gatygynda şypa (em) bardyr.
Hadys: فِیْ ألْبَانِ البَقَرِ شِفَاءٌ مِنْ کُلِّ دَاءٍ
Terjime: Sygyryň gatygy barça dertleriň dermanydyr.
Hadys: ُ فِیْھَا شِفَاءً / تَدَاوَوْا بِألْبَانِ البَقَرِ، فَإنِّی أرْجُوْ أنْ یَجْعَلَ ا َّ
Terjime: Siz sygyryň gatygy bilen öz dertleriňize em ediniň. Men
çynym bilen umyt edýärin Allatagala şol gatyklary dertleriňiz üçin
derman eder diýip.
Hadys:
شُرْبُ اللَبَنِ مَحْضُ الإیْمَانِ مَنْ شَرِبَھُ فِیْ مَنَامِھِ فَھُوَ عَلَی الإسْلَامِ و الفِطْرَةِ و مَنْ تَنَاوَلَ
اللَّبَنَ بِیَدِهِ فَھُوَ یَعْمَلُ بِشَرَائِعِ الإسلامِ
Terjime: Süýt içmeklik halys (arassa, päk) imandandyr. Haýsy bir
adam ukusynda süýt içse, şol adamyň asyl zaty yslam halkyndandyr.
Haýsy bir adam ukusynda süýdi eli bilen alsa, ol adam yslam şerigaty
belin amal edýändir.
Hadys:
إذَا أکلَ أحَدُکُمْ طَعَاماً فَلْیَقُلِ: أللَّھُمَّ بَارِکْ لَنَا فِیْھِ و أطْعِمْنَا خَیْراً مِنْھُ،
وَ إذَا سُقِىَ لَبَناً فَلْیَقُلِ: أللَّھُمَّ بَارِکْ لَنَا فِیْھِ و زِدْنَا مِنْھُ، فَإنَّھُ لَیْسَ شَىْءٌ یُجْزِئُ مِنَ الطَّعَامِ و
الشَّرَابِ إلّا اللَّبَنُ
Terjime: Her wagyt siziň biriňiz tagam iýseňiz şeýle dileg ediň: “Eý,
Bary Hudaýa! Şu tagamy biz üçin mübärek (bereketli) et we mundanda
gowuragyny bize tagam egip ber”.
Her wagt siziň biriňize gatyk içirilse, şol gatyk içýän adam şeýle dileg
etsin: “Eý, Bary Hudaýa! Şu gatygy biz üçin bereketli edeweri we süýtgatykdan
bolan içgilerimizi köpelt. Dogrusy iýilýän-içilýän zatlarda
süýt-gatygyň ýerini tutýan başga zat ýokdur.
Hadys:
عَلَیْکُمْ بِألْبَانِ البَقَرِ فَإنَّھَا دَوَاءٌ و أسْمَانِھَا فَإنَّھَا شِفَاءٌ و إیَّ امْک و لُحُوْمَھَا فَإنَّ لُحُوْمَھَا دَاءٌ
Terjime: Siz sygyryň süýt-gatygyny içmekligi özüňize lazym tutuň
(hökmany etmeli zat hasaplaň), çünki gatyk dertleriň dermanydyr.
Gatykdan alynan ýaglary iýmekligi lazym tutuň, çünki gatykdan alnan
ýaglar keselllere şypadyr (emdir). Siz gygryň etinden gorkuň (gaça
duruň, azrak iýiň), çünki sygyryň eti dert getirýändir. - 23 –
Hadys: عَلَیْکُمْ بِألْبَانِ الإبِلِ فَإنَّھَا تَرُمُّ مِنَ الشَّجَرِ کُلِّھِ و ھُوَ دَوَاءٌ مِنْ کُلِّ دَاءٍ
Terjime: Siz düýäni çalyny içmekligi özüňize lazym (wajyp) ediň,
çünki düýeler ýerde gögerýän ösümlikleriň barysyndan otlaýandyr.
Onuň üçin düýäniň çaly barça dertleriň dermanydyr.
Hadys: اکَنَ أحَبَّ الشَّرَابِ إلَیْھِ ألْبَانُ الإبِلِ
Terjime: Pygamber aleýhissalamyň iň gowy görýän içgisi düýäniň
çalydyr.
Hadys: عَلَیْکُمْ بِألْبَانِ الإبِلِ البَرِّیَّةِ فَإنَّھَا دَوَاءٌ مِنْ کُلِّ دَاءٍ
Terjime: Siz düz ýerde otlaýan düýeleriň çalyny içmekligi özüňize
lazym tutuň, çünki düýäniň çaly barça dertleriň dermanydyr.
Hadys: اِشْرَبْ مِنْ ألْبَانِ الإبِلِ فَإنَّھَا تُعَضِّدُ القَلْبَ
Terjime: Sen düýäniň çalyny iç, hakykatdan-da düýäniň çalyny
içmeklik ýüregi kuwwatlandyrýandyr.
- Mergup bolan (iýmekligi halanýan) iýmitler
Hezreti Resul Ekrem salli Allahutagala aleýhi wesellem şu iýmitleri
öwüpdir:
Hadys: خَیْرُ طَعَامِکُمْ الخُبْزُ
Terjime: Siziň iýýän zatlaryňyzyň iň gowusy çörekdir.
Hadys: اکَنَ یَأکُلُ الخُبُزَ و السِّمْنَ
Terjime: Pygamber aleýhissalam çöregi sary ýag bilen iýerdi.
Hadys: اکَنَ أحَبَّ الصِّبَاغِ إلَیْھِ الخَلَّ
Terjime: Pygamber aleýhissalamyň ýanynda çöregi boýaýan
huruşlardan iň gowy görýän hurşy sirkedi (miwelerden alynýan uksus).
Hadys:
تَکُوْنُ الأرْضُ یَوْمَ القِیَامَةِ خُبْزَةً وَاحِدَةً یَتَکَفَّؤُھَا الجَبَّارُ بِیَدِهِ نُزُلاً لِأھْلِ الجَنَّةِ
Terjime: Ýer kyýamat gününde bir çörek bolar. Allatagala öz gudraty
bilen ony ondan-oňa urar durar, jennet ähilleri (jennete girmäge
mynasyp bolanlar) üçin azyk-iýmit bolar ýaly.
Yslam ähilleri (musulmanlar) tä boşaýançalar şondan iýerler. Bu
sözleriň manysy şeýle, ýagny, çörek bu dünýäde we ahyretde sylagly
azykdyr. Çöregiň gadyryny bilmeli. Çörege hormat goýmaly. Döwülgi
çörek barka, bitin çöregi döwmeli däl. Öňinçä şol ownuk çörekleri
iýmeli. Çöregiň üstünde duz gaby, çemçäni, ýüzügi, sagady we şolar
ýaly ýeňil zatlary goýmak dogry däldir.
- 24 –
Hadys: ُ/ أکْرَمَھُ فَمَنْ أکْرَمَ الخُبْزَ أکْرَمَھُ ا َّ / أکْرِمُوْا الخُبْزَ فَإنَّ ا ََّ
Terjime: Siz çörege hormat goýup, sylaň. Hakykatdan-da Taňry
tebärek we tagalanyň özi çörege hormat goýup sylady. Bes, haýsy bir
adam çöregi sylasa, Hudaýtagala-da ony sylar.
Çöregi sylamakdan alamatdyr, saçaga çörek goýulanda, huruşa
garaşmany çöregi iýmeklige meşgul bolmak. (Şuňa görä hemme zatdan
ozal saçag çörek goýulyp, hödür edilýändir).
Hadys: أنْزَلَھُ مِنْ بَرَکَاتِ السَّمَاء و أخْرَجَھُ مِنْ بَرَکَاتِ الأرْضِ / أکْرِمُوْا الخُبْزَ فَإنَّ ا ََّ
Terjime: Siz çörege uly hormat goýup, sylaň. Dogrusy, Taňry tebärek
we tagala şol çöregi asmanyň bereketlerinden inderdi we ýeriň
bereketlerinden hem gögerdip çykardy.
Hadys: أکْرِمُوْا الخُبْزَ فَإنَّھُ مِنْ بَرَ اکَتِ السَّمَاءِ و الأرْضِ مَنْ أ کَلَ مَا سَقَطَ مِنَ السُّفْرَةِ غُفِرَ لَھُ
Terjime: Siz çörege hormat goýuň. Dogrusy şol çörek asmanyň we
ýeriň bereketlerindendir. Haýsy bir adam saçagyň üstüne dökülen
çöregiň owunjaklaryny iýse, onuň günäleri geçilip bagyşlanar.
Geçen zamanlarda bir täjir bir alymyň ýanyna gelip, öz halyndan
şikäýet edipdir: “Men başga adamlar bilen tijarata (söwda-satyga)
gidýärin. Men hemişe başgalardan köp peýda görýärin. Men şu
ýagdaýymdan gorkýaryn” diýipdir. Ol alym “Sen saparda wagtyň
nähili iýip-içýärsiň” diýip sorapdyr. Şonda täjir: “Men ýoldan sowulyp,
düýäni çökerdip, howlukmany, inegana iýip-içýärin” diýip jogap
beripdir. Alym oňa şeýle tabşyryk beripdir: “Indiden beýläk düýeden
düşmäni iýip-içgin”.
Täjir adamlar bilen ýenede söwda-satyga gidipdir. Bu saparda onuň
peýdasy has-da köp bolupdyr. Ol ýene-de gorkup, şol alymyň ýanyna
baryp “Adamlar iki esse peýda gördüler, men bolsa bäş esse peýda
gördüm” diýip gaýgy-alada bilen halyny beýan edipdir. Onda alym :
“Sen meniň tabşyrygymy berjaý etdiňmi?” diýip sorapdyr. Täjir:
“Hawa, tabşyrygyňy etdim” diýipdir. Alym: “Çöregiňi nähili iýdiň?”
diýip sorapdyr. Täjir: “Ýoldan sowulmany düýäniň üstünde barýan
ýerimde iýdim” diýipdir. Ýene-de alym: “Nähili edip iýdiň” diýip
çintgäp sorapdyr. Täjir oňa şeýle jogap beripdir: “Kellämdäki selläni
çözdüm. Bir ujuny kelläme daňdym, beýleki ujuny bolsa etek edip,
çöregi şonda goýup iýdim. Çöregiň owranan ownuklaryny-da
etegimden alyp, agzyma atyp iýdim”. Alym oňa bakyp: “Seniň söwdaň
ösýäni, sen nygmatyň gadyryny bilip, “Şäkirun-Nygmat” (nygmata
şükür edýän adam) bolanyň üçindir. Eger çörekleriň ownuklary ýola - 25 –
dökülip, depelenen bolsady, onda hökman söwdaň sarsyp, kesad
bolardy (azalardy), zyýan çekerdiň” diýipdir.
Ynha, wu wakadan belli boldy Allatagalanyň beren nygmatlaryny har
etmeli däl. Garny doýuran çöregi ite-guşa berip isrip etmeli däl.
Bu barada hijri-kamary senesiniň 631-nji ýylynda dünýäden geçen al-
Aaryf ul-Möwlana Jelaleddin Rumy özüniň bahry-remel kanuny bilen
ýazan şygrynda şu hili beýan edipdir:
Şygyr pars dilinde:
شرک نعمت نعم تت افزون کند کرف نعمت از کتف بیرون کن د
Şükri-nygmat, nygmatet efzuwn koned, Küfri-nygmat, ez kefet biýruwn koned.
Nygmata şükür – nygmatyňy artdyrar, Nygmata küfür–kök-damardan kertdirer.
Manysy: Nygmatyň gadryny bilip, ony hormatlamak nygmaty artdyrar.
Nygmatyň gadyryny bilmän, nygmaty harlamak nygmaty elden gidirer.
Onuň üçin garnyň doklugy, janyň saglygy, ýurt parahatçylygy iň uly
nygmatlardandyr. Şu nygmatlaryň şükürini etmeklik wajypdyr.
Hadys: عَلَیْکُمْ بِألْبَانِ البَقَرِ فَإنَّھَ اد وَاءٌ و أسْمَانُھَا شِفَاء
Terjime: Siz sygryň süýt-gatygyny iýip-içiň. Dogrusy şol gatyk dertlere
dermandyr, şol gatyklardan alnan ýaglar-da agyrylara emdir, keselllere
şypadyr.
Hadys: فِی التَلْبِیْنَةِ شِفَاءٌ مِنْ کُلِّ دَاءٍ
Terjime: Süýtli aşy iýmeklik barça dertler üçin dermandyr.
Hadys: أو خذَ النَّبِیُّ کِسْرَةً مِنْ خُبْزِ شَعِیْرٍ فَوَضَعَ عَلَیْھَا تَمْرَةً و قَالَ: ھَذِهِ إدَامُ ھذِهِ
Terjime: Pygamber aleýhissalam arpanyň çöreginden bir döwüm alyp,
şoňa bir hurmany goýdy. “Ynha şu hurma şu çöregiň hurşudyr” diýdi.
Hadys: لکُوُْا التَّمْرَ عَلَی الرِّیْقِ فَإنَّھُ یَقْتُلُ الدُّوْدَ
Terjime: Siz hurmany aç öde iýiň. Bes, dogrusy şol işi etmeklik içiň
gurçugyny öldürer.
Hadys: العَجْوَةُ مِنْ فَاکِھَةِ الجَنَّةِ
Terjime: Ajwa jennetiň iýmişlerindendir.
Ajwa diýilýäni hurmanyň bir görnüşidir we şol hurmany Pygamber
aleýhissalam öz mübärek eli bilen ekendir. Ýagny Ajwa atly hurma
Pygamber aleýhissalamyň bagynda ýaýran teberrik hurmadyr.
Hadys: العَجْوَةُ مِنَ الجَنَّةِ و ھِیَ شِفَاءٌ مِنَ السُّمِّ
Terjime: Ajwa atly hurma jennetiň iýmişlerindendir we şol hurma
zäher berilen adam üçin şypadyr.
Ýagny Ajwa iýen adama zäher täsir etmez. - 26 –
Hadys: اکَنَ أحَبَّ التَّمْرِ إلَیْھِ العَجْوَةُ
Terjime: Pygamber aleýhissalamyň ýanynda hurmalaryň iň gowusy
Ajwa atly hurmadyr.
Hadys: بَیْتٌ لا تَمْرَ فِیْھِ جِیَاعٌ أھْلُھُ
Terjime: Özünde hurma bolmadyk öýüň ýaşaýjylary açlardyr.
Hadys:
لکُوُْا التِّیْنَ فَلَوْ قُلْتُ إنَّ فَاکِھَةً نَزَلَتْ مِنَ الجَنَّةِ بِلَا عُجْمٍ لَقُلْتُ ھِیَ التِّیْنُ و إنَّھُ یُذْھَبُ
بِالبَواسِیْرِ و یَنْفَعُ مِنَ النَّقْرَسِ
Terjime: Siz injir iýiň. Eger men size aýtsam “Hakykatdan-da
jennetden bir miwe indi, özü-de şäniksiz” diýsem, hökman şu injiri
aýdaryn. Hakykatdan-da şu injir “babasili” aýyrar, “nakras” atly aýak
agyrysyna-da peýda berer.
Onuň üçin hökman injir saçagyňyzda bolsun. Gurusy-da, täzesi-de,
barysy dermandyr.
Ondan soňra saçagyňyzda zeýtun ýagy bolsun. Pygamber aleýhissalam
zeýtun ýagyny-da örän öwüpdir.
Hadysy-Sahyh: لکُوُْا الزَّیْتَ و ادَّھِنُوْا بِھِ فَإنَّھُ طَیِّبٌ مُبَارَکٌ
Terjime: Siz zeýtun ýagyny iýiň we ony endamyňyzyň agyrýan ýerine
çalyň. Dogrusy şol zeýtun ýagy mübärek gowy ýagydyr.
Hadys: لکُوُا الزَّیْتَ و ادَّھِنُوا بِھِ فَإنَّھُ مِنْ شَجَرَةٍ مُبَارَکةٍ
Terjime: Siz zeýtun ýagyndan iýiň we ony endamyňyza çalyň. Dogrusy
şol zeýtun mübärek bolan agaçdan düwýän miwedir.
Hadys: لکُوُْا الزَّیْتَ و ادَّھِنُوا بِھِ فَإنَّ فِیْھِ شِفَاءً مِنْ سَبْعِیْنَ دَاءً مِنْھَا الجُذَامُ
Terjime: Siz zeýtun ýagyny iýiň we şonuň bilen endamyňyzyň agyrýan
ýerini ýaglaň. Bes, dogrusy şol zeýtun ýagy ýetmiş derdiň dermanydyr.
Jüzäm (heýwere, pis açmak) atly kesel-de şol dertlerden biridir.
Hadys: عَلَیْکُمْ بِزَیْتِ الزَّیْتُوْنِ فَکُلُوْهُ و ادَّھِنُوْا بِھِ فَإنَّھُ یَنْفَعُ مِنَ البَاسُوْرِ
Terjime: Sizi zeýtun ýagyny iýmekligi özüňize lazym tutuň. Şol zeýtun
ýagyndan iýiň we onuň bilen ýaglanyň. Bes, dogrusy, zeýtun ýagy siziň
babasiliňiz bar bolsa, oňa-da peýda berer.
Hadys: زَیِّنُوا مَوَائِدَکُمْ بِالبَقْلِ فَإنَّھُ مَطْرَدَةٌ لِلشَّیْطَانِ مَعَ التَّسْمِیَةِ
Siz üstünde sebzileri (gök otlary) goýmak bilen saçagyňyza zyýnat
(bezeg) beriň. Dogrusy saçakda gök otlary goýmaklyk şeýtany
kowmaklykdyr, ýanyndan “Bizmilläni” aýtmak bilen birlikde.
Hadys: لکُوُا الخَسَّ فَإنَّھُ یَھْضِمُ الطَّعَامَ - 27 –
Terjime: Siz kahu (Hytaý keleminiň we salat otunyň ýapragyny) iýiň,
çünki ol iýen naharyňyzy siňdirer.
Hadys: لکُوُْا الخَسَّ فَإنَّھُ یُوْرِثُ النُّعَاسَ و یَھْدِمُ الطَّعَامَ
Terjime: Siz kahu (salat ýapragyny) iýiň, çünki ony iýmeklik ukyny
tutdurýandyr we iýeniňi siňdirýändir.
Hadys: سَیِّدُ إدَامِکُمْ المِلْحُ
Terjime: Sizip huruşlaryňyzyň (damaklaryňyzyň) iň gowusy
magdanyň duzudyr.
Ýagny, tebygy duzdur. Emeli ýasalyp, içine ýod goşulýan duzlar däldir.
Hadys: المِلْحُ لایَحِلُّ مَنْعُھُ
Terjime: Duz diläp gelen kişini duz bermän gaýtarmaklyk halal
bolmaz, belki günäkärlikdir.
Hadys: إذَا أُعْطِىَ أحَدُکُمْ الرَّیْحَانَ فَلَا یَرُدُّهُ فَإنَّھُ خَرَجَ مِنَ الجَنَّةِ
Terjime: Her wagt siziň biriňize reýhan atly gök oty berseler, şony hiç
yzyna gaýtarmaň. Bes, dogrusy şol reýhan jennetden çykan gök otdur.
Hijri-kamary senesiniň 96-njy ýylynda dünýäden geçen tabygynlardan
ulusy bolan Hezreti Ybraýym en-Nahgy Rahmetullahy aleýh şu hadysy
şerifi aýdypdyr:
Hadys: المَائِدَةُ بِلَا بَقْلٍ کَشَیْخٍ بِلَا عَقْلٍ
Terjime: Üstünde gök otlar goýulmadyk saçak göýä akly çaşan garry
ýalydyr.
Hijri-kamary senesiniň 148-nji ýylynda dünýäden öten Hezretul-
Ymam Jagfar as-Saadyk şulary aýdypdyr:
Arapçasy: مَنْ أحَبَّ أنْ یَکْثُرَ مَالُھُ و وَلَدُهُ فَلْیُدِمْ أکْلَ البُقُوْلِ
Terjimesi: Haýsy bir adam özüniň malynyň we öwladynyň (ogulgyzlarynyň)
köpelmegini gowy görýän bolsa, şol adam hemişe gök ot
iýip gezsin.
Arapçasy: قَد رُوِیَ أنَّ المَائِدَةَ یَحْضُرُھَا المَلَائِکَةُ إذَ اک انََ عَلَیْھَا بَقْلٌ
Terjimesi: “Rowaýatlarda gelipdir: Dogrusy perişdeler saçaklaryň
daşyna üýşerler, haçanda şol saçaklarda gök otlar goýulan bolsa.
Hadys: عَلَیْکُمْ بِالبَصَلِ فَإنَّھُ یُطَیِّبُ الدَّمَ و یُصْلِحُ الوَلَدَ
Terjime: Siz sogan iýmekligi özüňize lazym tutuň. Dogrusy sogan
iýmeklik gany gowulandyrýandyr we nesliňi täzeläp güýçlendirýändir.
Hadys: لکُوُْا الثُّوْمَ نِیْئاً فَلَ وأن لا أُن یَا جِیْ المَلَکَ لَأکَلْتُھُ - 28 –
Terjime: Siz sarymsagy çigligine iýiň. Eger men perişdeler bilen
gürrüňdeşlik etmeýän bolsadym, men-de şol sarymsakdan iýerdim.
Hadys: عَلَیْکُمْ بِلَحْمِ الظَّھْرِ فَإنَّھُ مِنْ أطْیَبِھِ
Terjime: Siz arkanyň etinden iýmekligi özüňize lazym tutuň. Dogrusy
malyň arkasynyň eti etleriň iň gowusydyr.
Hadys: أطْیَبُ اللَّحْمِ لَحْمُ الظَّھْرِ
Terjime: Etiň iň gowy ýeri arkanyň etidir.
Hijri-kamary senesiniň 1041-nji ýylynda dünýäden geçen aş-Şeýh
Muhy-ys-Sunna Hezret Ybraýym-yl-Lakkany Rahmetullahi aleýh
şeýle diýipdir:
Arapçasy:
لَحْمُ الظَّھْرِ أطْیَبُ اللَحْمِ عَلَ ی الإطْلَاقِ و لایُعَارِضُھُ أنَّھُ صَلَّی للهُ عَلَیْھِ و سَلَّمَ اکَنَ یُحِبُّ لَحْمَ
الذِّرَاعِ لِأنَّھُ اکَنَ یُحِبُّھُ لِمَعْنَیً آخَرَ کَسُرْعَةِ نَضْجِھِ و سُھُوْلَةِ تَنَاوُلِھِ
Terjimesi: Arkaň eti etleriň gowusydyr. Her halda-da, Pygamber
aleýhissalamyň malyň golunyň etini has gowy görýändiginiň bu hadysa
tersligi ýokdur. Çünki Pygamber aleýhissalam malyň goluny
söýýändigi başga illet (sebäp) jehetlidir. Meselem, basym bişýänligi
üçin ýa-da onuň elýeterli hem tapmagyň aňsat bolýanlygy sebäplidir.
Hadys: عَلَیْکُمْ بِالسَّنَا و السَّنُوتِ فَإنَّ فِیْھِمَا شِفَاءً مِنْ کُلِّ دَاءٍ إلَّا السَّامَ و ھُوَ المَوْتُ
Terjime: Siz özüňize lazym tutuň “sana Mekki” diýen ot (Mekkäniň
etraplarynda bitýän ot) bilen bal goşulynan sary ýag iýmekligi. Bes
dogrusy şol ikisini iýmeklik ajaldan başgaky agyrlaryň emidir.
Hadys: عَلَیْکُمْ بِالقَرْعِ فَإنَّھُ یُزِیْدُ فِیْ العَقْلِ و یُکَبِّرُ الدِّمَاغَ
Terjime: Siz kädini iýmekligi özleriňize lazym tutuň, bes dogrusy, kädini
iýmeklik akyly köpelder we beýniňiziň duýgurlygyny gowylandyrar.
Hadys:
قِیْلَ لِرَسُوْلِ للهِ صَلَّی لله تَعَالی عَلَیْھِ و سَلَّ مإ :نَّکَ تُحِبُّ القَرْعَ؟ قالَ: أجَلْ ھِیَ شَجَرَةُ أخِیْ یُوْنُسَ
Terjime: Hezreti Rasuly Ekrem salli Allahu tagala aleýhi wesellemden,
dogrudanda kädini söýýäňmi diýip soraldy. Pygamber aleýhissalam
jogap berdi: Hawa, men kädini söýýän, çünki kädi doganym Ýunus
pygamberiň bagyndandyr.
Hezreti Abi Ýusuf (Ýakup) Rahmetullahi aleýh aýdypdyr: Eger bir
adam “Resulalla kädini gowy görýärmiş diýip aýtsa, başga bir adam
bolsa men-ä kädini gowy görmeýärin diýse, şol adam kapyr bolup,
dinden çykar (nauzu Billähi min zälik).
Hadys: عَلَیْکُمْ بِالعَدَسِ فَإنَّھُ قُدِّسَ عَلَى سَبْعِیْنَ نَبِیّاً - 29 –
Terjime: Siz özleriňize lazym tutuň adas (çeçewisa, merjimek)
iýmekligi. Dogrusy, adas iýmeklik 70 pygamberiň dili bilen öwülendir.
Hadys: الکَمْأةُ مِنَ المَنِّ و مَاؤُھَا شِفَاءٌ لِلْعَیْنِ
Terjime: Kömelek we domalan Beni Ysraýyllara inderilen “Manna”
atly halwadandyr (manna kaşa goşulandyr) we şonuň suwy göz
agyrynyň dermanydyr.
Ýene-de saçagyň üstünde goýulmaly gowy iýmit tüwidir. Çünki
Pygamber aleýhissalam tüwini örän öwüpdir. “Tüwüde berhiz ýokdur”
diýipdir.
Hadys: نِعْمَ الدَّوَاءُ الأرُزُّ صَحِیْحٌ سَلِیْمٌ مِنْ کُلِّ دَاءٍ
Terjime: Ne beýle gowudyr şalynyň tüwüsi. Ony iýýän barça
kesellerden sagdyr we hemme dertlerden salymdyr.
Hadys: کلُُّ شَیءٍ أخْرَجَتْھُ الأرْضُ فِیْھِ دَاءٌ و شِفَاءٌ إلَّا ا لأرُزُّ فَإنَّھُ شِفَاءٌ لا دَاءَ فِیْھِ
Terjime: Tüwüden başga ýerden gögerip çykýan her bir zatda dert-de
bardyr, derman-da bardyr. Emma tüwüde dert ýokdur. Bes, dogrusy
tüwi diňe dermandyr.
Onuň üçin tüwüden berhiz saklamaklyk abasdyr (ýalňyş düşünjedir).
Hadys: سَیِّدُ الإدَامِ فِی الدُّنْیَ او اخِلآرَةِ اللَّحْمُ
Terjime: Dünýäde we ahyretde hurşuň iň gowusy etdir.
Hadys: سَیِّدُ طَعَامِ أھْلِ الدُّنْیَ او الآخِرَةِ اللَّحْمُ ثُمَّ الأرُزُّ
Terjime: Dünýädäki adamlaryň ýanynda-da we ahyretdäki adamlaryň
ýanynda-da naharyň iň gowusy etdir, ondan soňra-da tüwüdir.
Hadys: خَیْرُ الإدَامِ الخَلُّ و ھُوَ سَیِّدُ الإدَامِ
Terjime: Hurşlaryň iň gowusy sirkedir. Şol sirke hurşlaryň başydyr.
Hadys: اکَنَ أحَبُّ الطَّعَامِ إلَیْھِ الثَّرِیْدَ مِنَ الخُبْزِ و الثَّرِیْدَ مِنَ الحَیْسِ
Terjime: Pygamber alýhissalamyň iň gowy görýän nahary çörek
dogralan çorbadyr we haýs çorbasydyr. “Haýs” diýleni hurma, penir
we sary ýagdan edilen goýy çorbadyr (kaşadyr).
Hadys: اکَنَ یَأکُلُ الثَّرِیْدَ بِاللَّحْمِ و القَرْعِ
Terjime: Pygamber aleýhissalam et we kädi atylyp bişirilen çorbany
iýerdi.
Hadys: اکَنَ أحَبُّ اللَّحْمِ إلَیْھِ الکَتِفُ
Terjime: Pygamber aleýhissalamyň etde iň gowy görýän ýeri malyň
egininiň etidi.
Hadys: اکَنَ أحَبُّ الشَّاةِ إلَیْھِ الذِّرَاعَ - 30 –
Terjime: Pygamber aleýhissalamyň goýnuň etinde iň gowy görýän ýeri
goludy.
Hadys: سَیِّدُ طَعَامِ أھْلِ الجَنَّةِ اللَّحْمُ
Terjime: Jennetdäki adamlaryň iň gowy görýän nahary etdir.
Hadys:
عَلَیْکُمْ بِالزَّبِیْبِ فَإنَّھُ یَکْشِفُ المِرَّةَ و یَذْھَبُ بِالبَلْغَمِ و یَشُدُّ العَصَبَ و یَذْھَبُ بِالعَیَاءِ و
یُحَسِّنُ الخُلُقَ و یُطَیِّبُ النَّفْسَ و یَذْھَبُ بِالھَمِّ
Terjime: Siz gury üzümi (kişmiş) iýmekligi lazym tutuň. Bes, dogrusy,
şol gury üzümi iýmeklik sizi ufunetden açar (ýokanç keselden
sagaldar), gakylygy goparar, asabyňy gaýymlar (nerwi damarlaryňy
berkider), ýadawlygy aýyrar, nefsiňi hoş eder (keýpiňi çaglar),
gaýgyňy gidirer.
Hezreti Aly Razyallahu anh aýdypdyr:
Arapçasy: مَنْ أ کَلَ إحْدَیٰ و عِشْرِیْنَ زَبِیْبَةً حَمْرَآءَ کُلَّ یَوْمٍ لَمْ یَرَ فِیْ جَسَدِهِ شَیْئاً یَکْرَھُھُ
Terjimesi: Haýy bir adam günde ýigrimi bir sany gyzyl üzümiň
gurysyny (kişmişini) iýse, endamynda erbet bolan ýagdaýyny görmez.
Hadys: البَاذَنْجَان لِمَ أاُ کلَ لَھُ
Terjime: Badamjany näme niýet bilen iýseň, sonuň üçin (haýyrly)
bolar. Ýagny, dert bolar diýen niýet iýseň dert bolar, derman bolar
diýen niýet bilen iýseň-de derman bolar.
Hadys: لکُوُْا البَاذَنْجَانَ فَإنَّھُ دَوَاءٌ لا دَاءَ فِیْھِ
Terjime: Siz badamjan iýiň. Bes, dogrusy, badamjan iýmeklik emdir,
onda dert ýokdur.
- Mergup bolan (gowy görülýän) iýr-iýmişler
Hezreti Resul Ekrem salli Allahutagala aleýhi wesellem şu iýmişleri
öwüpdir:
Hadys: تَفَکَّھُوْا قَبْلَ الطَّعَامِ
Terjime: Siz nahardan öň miwe (iýr-iýmiş) iýiň.
Hadys: اکَنَ أحَبَّ الفَاکِھَةِ إلَیْھِ الرُّطَبُ و البِطِّیْخُ
Terjime: Pygamber aleýhissalamyň iň gowy görýän iýr-iýmişleri
hurma we gawun-garpyzdyr (bakja ekinleridir).
Hadys: اکَنَ یُحِبُّ مِنَ الفَاکِھَةِ العِنَبَ و البِطِّیْخَ
Terjime: Pygamber aleýhissalam iýr-iýmişlerden üzümi we gawungarpyzy
(bakja ekinlerini) söýerdi.
- 31 –
Hadys: اکَنَ یَأ کلُُ البِطِّیْخَ بِالرُّطَبِ
Terjime: Pygamber aleýhissalam gawun-garpyzy hurma bilen iýerdi.
Hadys: اکَنَ یَأخُذُ الرُّطَبَ بِیَمِیْنِھِ و البِطِّیْخَ بِیَسَارِهِ فَیَأ کلُُ الرُّطَبَ بِالبِطِّیْخِ و اکَنَ أحَبُّ الفَاکِھَةِ إلَیْھِ
Terjime: Pygamber aleýhissalam hurmany sag eli bilen alardy we
gawun-garpyzy sol eli bilen alardy. Bes, hurmany gawun-garpyz bilen
bile iýerdi we gawun-garpyz söýýän iýmişleridi. (Ýagny, çep elindäki
gawun-garpyzy, sag elindäki hurmanyň üstüne goýup, sag eli bilen iýer eken)
Hadys: البِطِّیْخُ قَبْلَ الطَّعَامِ یَغْسِلُ البَطْنَ غَسْلاً و یَذْھَبُ بِالدَّاءِ أصْلاً
Terjime: Nahardan öň gawun-garpyz iýmeklik garny gowy ýuwar we
derdiňi-de kökünden aýyrar.
Hadys:
فِی البِطِّیْخِ عَشْرُ خِصَالٍ: ھُوَ طَعَامٌ و شَرَابٌ و رَیْحَانٌ و فَاکِھَةٌ و أشْنَانٌ و یَغْسِلُ البَطْنَ و
یُکْثِرُ مَاءَ الظَّھْرِ و یَزِیْدُ فِی الجِمَاعِ و یَقْطَعُ الأبْرِدَةِ و یُنَقِّی البَشَرَةَ
Terjime: Gawun-garpyzda on tüýsli ýagdaýlar bardyr:
1) Şonuň özi nahardyr. Göýä nahar iýen ýaly doýurar;
2) Şonuň özi içgidir. Göýä suw içen ýaly gandyrar;
3) Şonuň özi reýhandyr. Göýä reýhan ýaly hoşboý ysy bardyr;
4) Şonuň özi gowy iýr-iýmişdir;
5) Şonuň özi çogandyr. Göýä çogan ýaly şony eliňe süýkeseň,
eliňden kir-kimirleri aýyrar;
6) Aşgazany ýuwýandyr;
7) Arka suwuny (adamyň tohumyny) artdyrýandyr;
8) Jymagy (erkeklik kuwwatyny) köpeltýändir;
9) Endamyňdan burudetni (sowuklygy) aýyrýandyr;
10) Hammama girip, endamyňa süýkeseň, endamyň kirini aýyrar.
Hadys: یَا عَلِیُّ تَفَکَّھُوا بِالبِطِّیْخِ
Terjime: Eý, Aly! Siz gawun-garpyzy ir-iýmişleriň ornunda tutup iýiň.
Hadys: اکَنَ یَأ کلُُ القُثَّاءَ بِالرُّطَبِ
Terjime: Pygamber aleýhissalam hurmany hyýar bilen iýerdi.
Hadys: لکُوُْا السَّفَرْجَلَ فَإنَّھُ یَجْلِیْ عَنِ الفُؤَادِ و یُذْھِبُ بِطِحَاءِ الصَّدْرِ
Terjime: Siz behi iýiň. Bes, dogrusy, behi iýmeklik ýüregi
ýagtylandyrar we kükrekdäki agyryny-ynjyny aýyrar.
Hadys: لکُوُْا السَّفَرْجَلَ عَلَى الرِّیْقِ فَإنَّھُ یُذْھِبُ وَغَرَ الصَّدْرِ
Terjime: Siz behini aç öde iýiň. Bes, dogrusy, behini aç öde iýmeklik
gursagyň gyzgynlygyny gidirer. - 32 –
- 33 –
Hadys: لکُوُا السَّفَرْجَلَ فَإنَّھُ یُجِمُّ الفُؤَادَ و یُشَجِّعُ القَلْبَ و یُحَسِّنُ الوَلَدَ
Terjime: Siz behini iýiň. Bes, dogrusy behini iýmeklik ýüregi
rahatlandyrar, kalba kuwwat berer we nesiliňizi gowular (arassalar).
Hadys: أتَانِیْ جِبْرِیْلُ عَلَیْھِ السَّلامُ بِسَفَرْجَلَةٍ مِنَ الجَنَّةِ فَأ لْکَتُھَا لَیْلَةَ أسْرِیَ بِیْ
Terjime: Jebraýyl aleýhissalam maňa jennetden bir behi getirip berdi.
Men şol behini asmanlara seýr etdirilen gijede iýdim.
Talha atly sahaba aýdypdyr:
Arapçasy:
قَالَ طَلْحَة: دَخَلْتُ عَلَى النَّبِیِّ صَلَّى للهُ عَلَیْھِ و سَلَّمَ و بِیَدِیْ سَفَرْجَلَةٌ فَقَالَ: دُوْنَکَھَا یَ ا
طَلْحَةُ فَإنَّھَا تُجِمُّ الفُؤَادَ
Terjimesi: Men elimde bir behi miwesi bardy. Şol ýagdaýda Hezreti
Resul Ekrem salla Allahutagala aleýhi wesellemiň üstüne girdim. Bes,
şonda Pygamber aleýhissalam maňa “Eý, Talha! Şol behini al. Bes,
dogrusy, şol behini iýmeklik ýürege giňlik getirer, wagtyňy hoşlar”
diýdi.
Hadys: لکُوُْا الرُّمَّانَ بِشَحْمِھِ فَإنَّھُ دِبَاغُ المِعْدَةِ
Terjime: Siz nary gabygynyň içindäki bardalary bilen bile iýiň. Bes,
dogrusy, naryň gabygynyň içindäki bardalary bilen iýmeklik aşgazana
eý bermekdir (aşgazanyň içindäkileri eýläp, siňdirmekdir). Naryň
bardasy aşgazanyň eýidir.
Hadys: مَنْ أ کَلَ مِنَ الفَاکِھَةِ وِتْراً لَمْ یَضُرُّهُ
Terjime: Haýsy bir adam miweleri iýende şolary bir birden iýse, şol
iýen miwesi oňa zyýan bermez.
Hijri-kamary senesiniň 1066-njy ýylynda dünýäden geçen
Hezreti al-Fafyh şeýh al-meşaýyh Aly bin Muhammet al-Ujhuwry
Rahmetullahy aleýh bahry-rajuz kanuny bilen şygyr ýazyp, tagamdam
öň iýmeli iýmişleri şu beýte sygdyryp aýdypdyr: Arapçasy:
قَدِّمْ عَلَی الطَّعَامِ تُوتاً خَوْحَا
وَ مِشْمِشاً و التِّیْنَ و البِطِّیْخَا
و بَعْدَهُ إجَاصُ کُمَّثْرَیٰ عِنَبْ
کَذاکَ رُمَّانٌ و مِثْلُھُ الرُّطَبْ
و مَعَھُ الخِیَارُ و الجُمَّیزُ
قِثَّا وُ تُفَّاحٌ کَذَاکَ ا للَّوْزُ
Tagamdan öň tudana, şetdaly al, Nowça erik, injir, gawun-garpyz ýol,
Indikisi gülaby, armyt, üzümdir, Nar hem hurma soňra düzüm-düzümdir
Hurma goşlan hyýar, täk injiriň özüni, Kabak, alma hem-de badam hozuny.
Terjimesi: Sen nahardan öň tudana, şetdaly, çig erik, injir, gawungarpyz,
gülaby, armyt, üzüm, nar, hurma, hurma bilen goşulan hyýar,
şam injirini, kabak kädisi (kabaçki), alma we badam hozuny iýgin. - 34 –
Hadys: عَلَیْکُمْ بِالأُتْرُجِّ فَإنَّھُ یَشُدُّ الفُؤَادَ و یَزِیْدُ فِی الدِّمَاغِ
Terjime: Sizi özüňize turunç (bergamot, gök turşy limon ýaly sitrus
miwesi) iýmekligi lazym tutuň, bes, dogrusy, turunç iýmeklik ýüregi
kuwwatlandyrar we akyly köpelder.
Hezreti Aly Razyallahu anh aýdypdyr: Arapçasy:
لکُوُا الرُّمَّانَ بِشَحْمِھِ فَإنَّھُ دِبَاغٌ لِلْمِعْدَةِ و حَیَاةٌ لِلْقَلْبِ و یَذْھَبُ بِوَسْوَاسِ الشَّیْطَانِ و فِ یلِّ ک حَبَّةٍ مِنَ الرُّمَّانِ إذَا اسْتَقَرَّتْ فِیْ المَعْدَةِ إنَارَةٌ لِلْنَّفْسِ و تَدْفَعُ وَسَاوِسَ الشیْطَانِ أرْبَعِیْنَ لَیْلَةً
Terjimesi: Siz nar iýiň gabygynyň içindäki bardalary bilen, çünki nary
içindäki bardasy bilen iýmeklik aşgazan üçin eý bermekdir we ýüregiň
üçin-de dirilikdir hem-de şeýtanyň waswasyny gidirýändir. Naryň her
bir dänesi aşgazana baryp jaýlaşanda, ynsanyň nebsi üçin ýagtylykdyr
we şol däneler şeýtanyň waswaslaryny kyrk günläp ynsandan dep
edýändir (ýok edip aýyrýandyr).
Hadys: خَیْرُ فَاکِھَتِکُمْ العِنَبُ
Terjime: Siziň miweleriňiziň iň gowusy üzümdir.
Hadys: لکُوُْا العِنَبَ حَبَّةً حَبَّةً فَإنَّھُ أھْنَأ أومْ رَأُ
Terjime: Siz üzümi bir-birden iýiň. Bes, dogrusy bir-birden iýmeklik
siňdirijidir. Iýen zadyňy gowy siňdirýändir.
Hadys: اکَنَ یَأکُلُ العِنَبَ خَرْطاً
Terjime: Pygamber aleýhissalam üzümi hoşasyndan aýryp, ýekeýekeden
iýerdi.
Hadys: إنَّ أوَّلَ شَیءٍ أ لکََھُ آدَمُ حِیْنَ أُھْبِطَ إلَ ی الأْرضِ الکُمَّثْرَیٰ
Terjime: Dogrusy Hezreti Adam aleýhissalamyň ýer ýüzüne
inderilende ilki iýen miwesi armytdyr.
- Mergup bolan emler (halanylýan dermanlar)
Hezreti Rasuly Ekrem salli Allahutagala wessellem şu dermanlary
öwüpdir:
Hadys: مَاءُ زَمْزَمَ شِفَاءٌ مِنْ کُلِّ دَاءٍ
Terjime: Zemzem guýusynyň suwy barça dertleriň dermanydyr.
Hadys:
ُ و إنْ شَرِبْتَھُ مُسْتَعِیْذاً أعَاذَکَ / مَاءُ زَمْزَمَ لِمَا شُرِبَ لَھُ فَإنْ شَرِبْتَھُ تَسْتَشْفِیْ بِھِ شَفَاکَ ا َّ
ُ و ھِیَ ھَزْمَةُ / ُ و إنْ شَرِبْتَھُ لِتَقْطَعَ ظَمَأکَ قَطَعَھُ للهُ و إنْ شَرِبْتَھُ لِشَبْعِکَ أشْبَعَکَ ا َّ / ا َّ
جِبْرِیْلَ و سُقْیا إسْمَاعِیْلَ
- 35 –
Terjime: Zemezemiň suwy näme niýet bilen içseň şol bolar. Bes, sen
eger derdiňden gutulmek niýet bilen içseň Allatagala şol zemzem
suwuny derdiňe derman aýlandyrar. Eger sen şol zemzem suwuny
Allatagala sygynmak niýeti bilen içseň, Allatagalanyň özüniň
penasynda bolarsyň. Eger sen şol zemzem suwuny suwsuzlygyňy
kesmek üçin içseň, Allatagala suwsuzlygyňy kesip, seni gandyrar. Eger
sen şol zemzem suwuny doýmak niýet bilen içseň. Allatagala seni
doýurar. Şol zemzem suwy Hezreti Jebraýylyň ökjesi bilen depip,
ýerden çykaran çeşmesidir. Hezreti Ysmaýyl aleýhissalamyň-da suw
paýydyr.
Hadys:
مَاءُ زَمْزَمَ لِمَا شُرِبَ لَھُ مَنْ شَرِبَھُ لِمَرَضٍ شَفَاهُ للهُ أو لِجُوْعٍ أشْبَعَھُ للهُ أو لِحَاجَةٍ قَضَاھَا للهُ
Terjime: Zemzem suwy näme niýet bilen içseň, şol bolar. Haýsy bir
adam şony keseli üçin içse, Allatagala ony sagaldar ýa-da ajykmaklygy
üçin içse, Allatagala şony doýurar ýa-da bir hajaty üçin içse, Allatagala
onuň hajatyny bitirer.
Hadys: مَاءُ زَمْزَمَ لِمَا شِفَاءٌ مِنْ کُلِّ دَاءٍ
Terjime: Zemzem suwy barça dertler üçin dermandyr.
Hadys: عَلَیْکَ بِالمِلْحِ فَإنَّھُ شِفَاءٌ
Terjime: Sen özüňe duz iýmekligi lazym tut we ýanyňdan aýyrma.
Dogrusy, şol duzda dertler üçin şypa bardyr we barça keselleriň
dermanydyr.
Hadys:
یَا عَلِی ابْدَأ بِ امِللْحِ و اخْتِمْ بِھِ فَإنَّ المِلْحَ شِفَاءٌ مِنْ سَبْعِیْنَ دَاءً مِنْھَا الجُنُوْنُ و الجُذَامُ و
البَرَصُ و وَجْعُ البَطْنِ و وَجْعُ الأْ ضرَاسِ
Terjime: Eý, Aly! Sen tagamy iň öňünçä duz bilen başla, iň soňundanda
duz bilen bilen gutar. Dogrusy, magdandan alnan duz 70 dert üçin
şypa bolar. Däliremeklik, jüzam (heýwere) keseli, ala keseli, garyn
agyrysy we diş agyrysy keselleri-de şol 70 derdiň içindedir.
Hadys: عَلَیْکُمْ بِالحَبَّةِ السَّوْدَاءِ فَإنَّھَا شِفَاءٌ مِنْ کُلِّ شَیءٍ إلَّا السَّامَ
Terjime: Siz gara däne (gara noýba ýa-da gara kimr (tmin)) iýmekligi
özüňize lazym tutuň. Dogrysy gara däne barça dertlere derman
bolýandyr, diňe ajala derman bolup bilmez. - 36 –
Hadys: عَلَیْکُمْ بِالثَّفَاءِ فَإنَّ للهَ جَعَلَ فِیْھِ شِفَاءً مِنْ کُلِّ دَاءٍ
Terjime: Siz özüňize üzärligiň dänesini iýmekligi lazym tutuň. Bes,
dogrusy Taňry tebärek we tagala üzärligiň dänesini barça dertlere em
etdi.
Hadys: عَلَیْکُمْ بِ اھْلِ لإیْلَجِ الأسْوَدِ فَاشْرَبُوْهُ فَإنَّھُ مِنْ شَجَرِ الجَنَّةِ طَعْمُھُ مُرٌّ و ھُوَ شِفَاءٌ مِنْ کُلِّ دَاءٍ
Terjime: Siz özüňize gara ähliýliçni ulanmaklygy lazym tutuň. Bes ony
içiň. Dogrusy bu jennetiň ösümliklerindendir, tagamy ajydyr we ol
barça dertleriň dermanydyr.
Kuranyň aýaty: فِیْھِ شِفَاءٌ لِلنَّاسِ
Terjime: Bal içmeklik adamlaryň dertleri üçin dermandyr.
Hadys: عَلَیْکُمْ بِالشِّفَائَیْنِ العَسَلِ و القُرْآنِ
Terjimesi: Siz özleriňize derman bolan iki zady lazym tutuň (özüňize
wajyp ediň): Biri bal içmek, beýleki biri-de Kuran okamak.
Hadys: لکُوُا الثُّوْمَ وتَدَاوَوْا بِھِ فَإنَّ فِیْھِ شِفَاءً مِنْ سَبْعِیْنَ دَاءً
Terjime: Siz sarymsak iýiň we şonuň bilen dertleriňize em ediň. Bes,
dogrusy şol sarymsak-da 70 derde derman bardyr.
Hadys: العَسَلُ شِفَاءٌ لِلنَّاسِ
Terjime: Bal içmeklik adamlaryň dertlerine dermandyr.
Hadys: العَسَلُ شِفَاءٌ مِنْ کُلِّ دَاءٍ
Terjime: Bal hemme kesellere dermandyr.
Hadys: مَنْ لَعِقَ العَسَلَ ثَلَاثَ غَدَوَاتٍ کُلَّ شَھْرٍ لَمْ یُصِبْھُ عَظِیْمُ البَلَاءِ
Terjime: Haýsy bir adam her aýda üç gün aç öde bal ýalasa, oňa ullakan
dert ýokaşmaz.
Hadys: ُ دَاءً إلَّا أنْزَلَ لَھُ دَوَاءً ذَکَرَ ألْبَانَ البَقَرِ فَأمَرَ بِھَا و قَالَ إنَّھَا دَوَاءٌ مِنْ کلُِّ دَاءٍ q مَا أنْزَلَ ا َّ
Terjime: Alla tebärek we tagala hiç derdi asmandan ýere indermedi,
meger inderse-de onuň dermanyny hem inderdi. Pygamber
aleýhissalam sygyryň gatygyny zikr etdi (ýatlatdy) we şonuň bilen
buýrup “gatyk barça derdiň dermanydyr” diýdi.
- Tagam iýmekligiň keýfiýeti (edepleri)
Tagam iýmeli bolsa ozaly bilen eliňi ýuwmaly.
Hadys: الوُضُوْءُ قَبْلَ الطَّعَامِ و بَعْدَ الطَّعَامِ بَرَکَةٌ
Terjime: Tagam iýmekligiň başynda we ahyrynda iki eliňi ýuwmaklyk
(wuzu almaklyk) bereketdir.
Şu hadysy şerifde “wuzu” diýmekden maksat, iki eliňi goşaryň bilen üç
gezek ýuwmakdyr.
- 37 –
Hezreti Allama Hudaýguly Wepaýynyň hijri-kamary senesiniň 869-njy
ýylynda bahry-remel kanuny bilen ýazan “Rownak ul-Yslam” atly
kitabynyň 857-nji şygrynda şu hilli aýdypdyr:
Sünnet oldur bu tagam içre biliň,
Owwalynda, ahyrynda el ýuwuň.
Tagamyň owwalynda iki eliňi ýuwup bolanyňdan soňra, elleriňi
süpürgiç ýa-da elýaglyk bilen süpürmeli däl. Tagamyň öňünden el
ýuwdurylanda ilki bilen ýaşykiçileriň ellerini ýuwdurmaly, ondan
soňra ýaşulylaryň ellerini ýuwdurmaly. Ondan soňra ýere ýazylan
düşegiň üstünden saçak ýazmaly. Ondan soňra saçagyň üstünde iýipiçmekligi
halal bolan zatlardan isläniňi goýmaly.
Hadys: طَلَبُ الحَلالِ فَرِیْضَةٌ عَلَیٰ کُلِّ مُسْلِمٍ
Terjime: Halal bolanlary islemeklik barça musulmanlaryň boýnuna
parz bolan buýrukdyr.
Hadys:
مَنْ أ کَلَ الحَلَالَ أرْبَعِیْنَ یَوْماً نَوَّرَ للهُ قَلْبَھُ أو جرَیٰ یَنَابِیْعَ الحِکْمَةِ مِنْ قَلْبِھِ عَلَی لِسَانِھِ و
زَھَّدَهُ فِیْ الدُّنْیَا
Terjime: Haýsy bir adam 40 gün halal lukma iýse, Allatagala şonuň
kalbyny nurlandyrar we ylmyň çeşmelerini şonuň kalbyndan diline
tarap akdyrar we ony dünýä zaahydlarynyň jümlesinden (takwa
adamlardan) aýlandyrar.
Saçagyň üstünde her hilli halal zatlary goýmazdan ozal, asyl (tebigy)
magdandan alnan duzy goýmaly. Pygamber aleýhissalamyň
höweslendiren duzy şol magdanyň duzydyr. Özüne ýod goşulan duz
däldir. Özüne ýod goşulan duzlaryň köp zatlara zyýany bardyr. Çünki
al-fakyh Aly bin Ahmed ul-Gowry Rahmetullahy aleýh özüniň “Kunuz
al-ibäd fiý şerhul-owrad” atly kitabynda aýdypdyr:
Arapçasy: أنْ یُبْدَأ بِالمِلْحِ و یُخْتَمَ بِھِ
Terjimesi: Tagamy oňünçä duz bilen başlamaly iň soňunda-da duz
bilen tamam etmeli.
Hijri-kamary senesiniň 931-nji ýylynda dünýäden geçen al-fakyh
Ýakup bin Seýýed Aly Rahmetullahy aleýh özüniň “Şergat ul-Yslam”
atly kitabynda aýdypdyr:
Arapçasy: یُبْدَأ بِالمِلْحِ فَإنَّ فِیْھِ شِفَاءً مِنَ امْلأرَاضِ
Terjimesi: Tagamlar duz bilen başlanar, Bes, dogrusy duzda köp
kesellerden gutulmaklyk bardyr. - 38 –
Hijri-kamary senesiniň 373-nji ýylynda dünýäden geçen al-Fakyh
Abul-Leýs Nasr bin Muhammet as-Samarkandy Rahmetullahy aleýh
özüniň “Bostan ul-Arifeýn” kitabynda aýdypdyr:
Arapçasy:
و یُسْتَحَبُّ أنْ یُبْدَأ الطَّعَامُ بِالمِلْحِ و یُخْتَمَ بِھِ لِأنَّ ذلِکَ مِنَ السُّنَّةِ و یُقَالُ فِیْھِ شِفَاءٌ مِنْ سَبْعِیْنَ دَاءً
Terjimesi: Tagamy duz bilen başlap, duz bilen soňlamak mustahyp
görüldi. Çünki tagamy duz bilen başlap, duz bilen soňlamagyň
sünnetden bolanlygy sebäpli. Şu duzda 70 derde derman bolmaklyk
bardyr diýip aýdylýar.
Onuň üçin bizleriň kyragat ussadymyz şeýh ul-Kurra al-Häj
Annamuhammet al-Karyý ut-takyý ul-weli Rahmetullahy aleýh ulmydam
bir gutujygy duzdan dolduryp ýanyndan aýyrmazdy. Her wagt
tagam iýilende şol duzdan tagamyň öňünden we soňundan bir çümmük
dadyp, sünnetini bitirerdi we adamlara hödürläp, olaryň-da sünnetlerini
bitirderdi.
Hijri-kamary senesiniň 632-nji ýylynda dünýäden geçen al-Ymam
Şahab ed-Din Omar bin Muhammet es-Suhrawerdi Rahmetullahy
aleýh özüniň “Awaryf ul-Maaryf” atly kitabynda aýdypdyr:
Arapçasy: فَمِنْ ذَلِ أنْک یُبْتَدَئَ بِالمِلْحِ و یُخْتَمَ بِھِ
Terjimesi: Bes, şol iýmekligiň edeplerindendir tagamy öňünçä duz
bilen başlamaklyk we soňundan duz dadyp tamam etmeklik.
Arapçasy:
وَ رُوِیَ عَنْ رَسُوْلِ للهِ صَلَّی للهُ عَلَیْھِ و سَلَّمَ قَالَ لِعَلِیٍّ رَضِیَ للهُ عَنْھُ یَا عَلِیُّ ابْدَأ طَعَامَکَ بِالمِلْحِ
و اختِمْ بِالمِلْحِ فَإنَّ المِلْحَ شِفَاءٌ مِنْ سَبْعِیْنَ دَاءً مِنْھَا الجُنُوْنُ و الجُذَامُ و البَرَصُ و وَجَعُ الأضْرَاسِ
Terjimesi: Hezreti Resul Ekrem salli Allahu aleýhi wesellemden
rowaýat edildi. Ol Hezreti Aly Razyallahu anh-a aýdypdyr “Aly, sen
tagamy duz bilen başla we duz bilen tamam et. Bes, magdanyň duzu 70
dert üçin dermandyr. Şol ýetmiş dertlerdendir däliremek, jyzam
(heýwere) keseli, ala bolmak (pis açmak), garyn agyry we diş agyry
keselleri-de” diýipdir.
Arapçasy:
و رَوَتْ عَائِشَةُ رَضِیَ للهُ عَنْھَا لَدَغَ رَسُوْلَ للهِ صَلَّی للهُ عَلَیْھِ و سَلَّمَ فِیْ إبْھَامِھِ مِنْ رِجْلِھِ
الیُسْرَیٰ لَدْغَةً فَقَالَ :عَ لَیَّ بِذَلِکَ ابْیلَأضِ الَّذِیْ یَکُوْنُ فِیْ العَجِیْن فَجِئْنَا بِمِلْحٍ فَوَضَعَھُ فِیْ کَفِّھِ
ثُمَّ لَعِقَ مِنْھُ ثَلَاثَ لَعِقَاتٍ ثُمَّ وَضَعَ بَقِیَّتَھُ عَلَی اللَدْغَةِ فَسَکَنَت عَنْھُ
Terjimesi: Hezreti enemiz Aýşa Razyallahu anha rowaýat edip
aýdypdyr: “Hezreti Resul Ekrem salli Allahu aleýhi wesellemiň çep
aýagynyň başam barmagyndan iýçan çakdy. Şonda Pygamber - 39 –
aleýhissalam “Maňa hamyra goşulýan şol ak duzdan getiriň” diýdi.
Bizem ony getirdik. Pygamber aleýhissalam ony aýagyna goýdy,
ondan soňra şol duzdan 3 gezek ýalady. Ondan soňra galanyny şol
iýýan çakan ýerine goýdy. Ondan soňra Pygamber aleýhissalamdan
zäher awusy aýryldy.
Ynha Ymam Sohrawerdiniň sözleri şu ýerde tamam boldy. Bu
Ymamyň aýdan geplerinden we getiren delillerinden belli boldy,
magdandan alnan (tebygy) duz köp dertler üçin dermandyr.
Duzy öz gabyndan alnanda iki barmagyň bilen almaly, ýagny,
başam barmagyň we süýem barmagyň bilen çümmükläp almaly. Duz
gaby çöregiň üstünde goýmak mekruhdyr. Belki duz gaby özbaşyna
aýra goýmaly. Tagam iýlende we içgiler içilende elmydama sag eliň
bilen iýip-içmeli.
Hadys:
لِیَأ کلُْ أحَدُکُمْ بِیَمِیْنِھِ و لیَشْرَبْ بِیَمِیْنِھِ و لیَأخُذْ بِیَمِیْنِھِ و لیُعْطِ بِیَمِیْنِھِ فَإنَّ الشَّیْطَانَ یَأ کلُُ بِشِمَالِھِ
یَشْرَبُ بِشِمَالِھِ و یَأخُذُ بِشِمَالِھِ و یُعْطِیْ بِشِمَالِھِ
Terjime: Siziň biriňiz tagam iýeňizde, sag eliňiz bilen iýiň, içeňizde-de
sag eliňiz bilen içiň. Bereňizde-de sag el bilen alyň, alaňyzda-da sag el
bilen beriň. Bes, dogrusy, şeýtan çep eli bilen iýýär, çep eli bilen içýär,
çep eli bilen alýar we çep eli bilen berýär.
Tagamy el bilen iýmeklik sünnet bolşy ýaly, tagamy üýşüp bir
tabakdan iýmeklik-de sünnetdir.
Hadys: أحَبُّ الطَّعَامِ إلَى للهِ مَا کَثُرَتْ عَلَیْھ ایْدِلأیْ
Terjime: Allatagalanyň ýanynda tagamlaryň iň gowusy özüne köp eller
sokulan gabyň tagamydyr.
Hadys: اجْتَمِعُوْا عَلَى طَعَامِکُمْ یُبَارِکُ للهُ لَکُمْ فِیْھِ
Terjime: Siz tagamlaryňyzy üýşüp iýiň. Tagamlaryňyzy üýşüp
iýeňizde Allatagala siziň bereketleriňizi artdyrar.
Hadys: لکُوُا جَمِیْعًا و لاتَفَرَّقُوْا فَإنَّ البَرَکَةَ مَعَ الجَمَاعَةِ
Terjime: Baryňyz birleşip üýşen ýagdaýyňyzda iýiň, pytraň halda
bolmaň. Bes, dogrusy bereket nahary üýşüp iýmekdedir.
Hadys:
لکُوُا جَمِیْعاً و لاتَفَرَّقُوا فَإنَّ طَعَامَ الوَاحِدِ یَکْفِی الإثْنَیْنَ و طَعَامَ الإثْنَیْنِ یَکْفِی الثَّلَاثَةَ وا لأرْبَعَة
لکُوُا جَمِیْعاً و لاتَفَرَّقُوا فَإنَّ البَرَکَةَ فِی الجَمَاعَةِ
Terjime: Siz tagamy baryňyz birleşen ýagdaýyňyzda iýiň. Siz biribiriňizden
aýrylyşmaň. Bes, dogrusy, bir adamyň nahary iki adama
ýetýändir, iki adamyň nahary-da üç-dört adama ýetýändir. Siz tagamy - 40 –
üýşen ýagdaýyňyzda iýiň biri-biriňizden judalaşmaň (aýrylyşmaň).
Bes, dogrusy, Allatagalanyň bereketi üýşmeleňde bolýandyr.
Hadys:
اکَنَ لِلنَّبِىِّ صَلَّى للهُ عَلَ ی ھو سَلَّمَ قَصْعَةٌ یُقَالُ لَھَا الغَرَّاءُ یَحْمِلُھَا أرْبَعَةُ رِجَالٍ فَلَمَّا أضْحَوْا و
سَجَدُوا الضُّحَىٰ أُتِىَ بِتِلک القَصْعَةِ و فِیْھَا الثَّرِیْدُ فَالْتَفُّوا عَلَیْھَا
Terjime: Hezreti Resul Ekrem salli Allahutagala aleýhi wesellemiň bir
(uly) çanagy (okarasy) bardy adyna “garra’a” diýerdiler. Şol çanagy 4
adam bolup götererdiler. Irden guşluk wagtynda sahabalar guşluk
namazlaryny okandan soňra şol çanagy getirerdiler we ol çanakda
çorba bolardy. Pygamber aleýhissalam we sahabalar bary egrelep (şol
çanagyň daşyna üýşup), şol çorbany iýerdiler.
Ynha, şu hadysy şerifden belli boldy, nahary üýşüp iýmekligiň
sünnetdigi.
Hadys:
: إنَّا نَأ کلُُ و لانَشْبَعُ قَالَ: لَعَلَّکُمْ تَفْتَرِقُوْنَ عَلَی طَعَامِکُمْ اجْتَمِعُوا و اذْکُرُوا / قِیْلَ یَا رَسُوْلَ ا َِّ
عَلَیْھِ یُبَارِکْ لَکُمْ فِیْھِ / اسْمَ ا َِّ
Terjime: Pygamber aleýhissalama “Ýa, Resulalla! Dogrusy biz iýýäris,
weli hiç doýmaýarys” diýip aýdypdyrlar. Şonda Pygamber
aleýhissalam olara şeýle diýipdir: “Siz tagam iýeniňizide pytraň
ýagdaýda bolýansyňyz. Pytraň bolmaň, belki tagamlaryňyzy üýşen
ýagdaýyňyzda “Bismillä aýdyp” iýiň. Şonda Allahu tebärek we tagala
siziň tagamlaryňyzy bereketlendirer, köpelder. Tagamy üýşüp
iýmekden muhabbet (sylag-hormat) döreýär, birek-birege ülpet
(ýakynlyk) hasyl bolýar, kineler aýrylýar, ýürekler ýumşaýar, indiki
nesiller üçin-de ullakan ülgi (gowy nusga) bolýar.
Altmyş ýyl mundan ozal gündogar ilinde ýaşaýan halklardan galamy
ýiti bir alym Türkmen sähra gelip, türkmenleriň edeplerini, däp
dessurlaryny gowy görüp: “Biziň illerde ýitip giden 3(üç) sünneti
türkmen doganlarymyzda tapdym” diýip minnetdarlyk bildirip,
“Birinjisi, naharyň öňünden we yzyndan el ýuwdurýarlar. Ikinjisi,
nahary elleri bilen iýýärler, çemçe bilen iýmeýärler. Üçünjisi, her tabak
ba’yna 4-5 adam bolup üýşüp iýýärler” diýipdir.
Gynansak-da bu sünnetler biziň illerimizde-de terk edildi.
Hadys: شَرُّ النَّاسِ مَنْ أ کَلَ وَحْدَهُ
Terjime: Adamlaryň iň erbedi naharyny özbaşyna ýeke iýýänleridir,
ýagny ýeke iýmekligi adat edenlerdir. - 41 –
Ýeke iýmekligiň erbet bolşy ýaly, nahara at dakyp, aýyp etmeklik-de
erbetlikdir.
Hadys: مَا عَابَ النَّبِیُّ صَلَّى للهُ عَلَیْھِ و سَلَّمَ طَعَاماً قَطُّ إنْ اشْتَھَاهُ أ لَکَھُ و إنْ کَرِھَھُ تَرَکَھُ
Terjime: Resuly Ekrem salli Allahu alýhi wesellem nahara hergiz at
dakmazdy. Eger halasa (işdäsi alsa) iýerdi, halamasa iýmezdi.
Nahar iýmeli bolaňyzda iň öňünçä “Bismillähi Rahman Rahym”
diýmeli.
Hadys:
إذَا أ کَلَ أحَدُکُمْ طَعَامًا فَلْیَقُلْ بِسْمِ للهِ فِیْ أوَّلِھِ فَإنْ نَسِیَ فِیْ أوَّلِھِ فَلْیَقُلْ بِسْمِ للهِ فِیْ آخِرِهِ و
مَنْ قَالَ عِنْدَ کلُِّ لُقْمَةٍ بِسْمِ للهِ لا یُحَاسَبُ یَوْمَ القِیَامَةِ فِیْ أکْلِھَا
Terjime: Haýsy biriňiz nahar iýseňiz, naharyň öňünden “Bismilläni”
aýdyň. Eger, biriňiz nahardan ozal “Bismilläni” aýtmagy unutsa, ol
nahardan soňra “Bismilläni” aýtsyn we haýsy bir adam her lukmany
agzyna salanda “Bismilläni” aýtsa, kyýamat gününde onuň
iýenlerinden hasap soralmaýaz.
“Bismillä” aýdanyňdan soňra, nahary sag eliň bilen iýmeli. Çünki
sünnet sag el bilen iýmekdir.
Harun ar-Raşit patyşaga dürli tagamlar getiripdirler. Onuň ýanynda
Hezreti Abu Ýusup Rahmatulla aleýh hem bar eken. Harun ar-Raşit
patyşanyň piliň dişinden bejerilen mahsus galam çemçesi bar eken.
Nahary şonuň bilen eýermiş. Patyşa “Şol galam çemçäni getiriň”
diýipdir. Çemçäni getriripdirler. Şonda Hezreti Abu Ýusup
Rahmatulla: “Seniň jiddiň (garry ataň) Ibn Abbas Razyallahu anhuma
“we lakad kerremnä beni Adama” diýen aýaty şu hili tefsir edipdir
aýdypdyr” diýýär:
Arapçasy: وَ لَقَدْ کَرَّمْنَا بَنِیْ آدَمَ ا. ی جَعَلْنَا لَھُمْ أصَابِعَ یَأ لکُوُْنَ بِھَا
Terjimesi: Biz Adam ogullaryny sylagly etdik. Ýagny onuň üçin
barmaklar berdik, şol barmaklary bilen nahar iýer ýaly”.
Şonda Harun ar-Raşit çemçesini taşlapdyr we eli bilen nahar iýipdir.
Nahara el urup başlamakda iň öňünden ulamalar (ylymly ahun,
mollalar) we ýaşulular alyp başlamaly. Ondan soňra ýaşykiçiler
almaly.
Hadys: کَبِّرْ کَبِّرْ
Terjime: Ulyny ulaltgyn. Ululary hormatla. - 42 –
Hadys: أکْرِمُوا العُلَمَاءَ فَإنَّھُمْ عِنْدَ للهِ بکَرَُاءُ
Terjime: Siz alym-ulamalary sylaň. Dogrusy şol alymlar Allatagalanyň
ýanynda derejesi ullakanlardyr.
Nahary ysgamaly däl.
Hadys: لا تَشُمُّوا الطَّعَامَ کَمَا تَشُمُّھُ السِّبَاعُ
Terjime: Siz nahary ysgamaň, göýä bir ýyrtyjy haýwanlaryň
ysgaýyşlary ýaly.
Tagamy gyzgyn iýmeli däl we sowatjak bolup üflemeli däl.
Hadys: النَّفْخُ فِیْ الطَّعَامِ یُذْھِبُ بِالبَرَ کَةِ
Terjime: Tagamy üflemeklik tagamyň berekedini gidirer.
Hadys: لَمْ یَکُنْ رَسُوْلُ للهِ صَلَّى للهُ عَلَیْھِ و سَلَّمَ یَنْفُخُ فِی ال طَّعَامِ و فِلا ی الشَّرَابِ
Terjime: Hezreti Pygamber Ekrem salli Allahutagala aleýhi wesellem
iýýän iýmitini we içýän içgisini üflemezdi.
Hadys: أبْرِدُوا بِالطَّعَامِ فَإنَّ الحَارَّ لا بَرَکَةَ فِیْھِ
Terjime: Siz naharyňyzy sowadyp iýiň, bes, dogrusy gyzgyn bolan
naharda bereket ýokdur.
Nahar düşürilmäkä üstünden iýmeli däl.
Hadys: لا تَأ لکُوُا الطَّعَامَ مِنْ فَوْقِھِ فَإنَّ البَرَکَةَ تَنْزِلُ مِنْ فَوْقِھِ
Terjime: Siz tagamy üstünden iýmäň. Dogrusy, bereket şol tagama
üstünden (ýokarysyndan) inýändir.
Nahar tabaga guýulanda, şol tabagyň gyrasyndan iýmeli, ortasyndan
iýmeli däl.
Hadys: تَنْزِلُ البَرَکَةُ فِیْ وَسَطِ الطَّعَامِ فَکُلُوا مِنْ حَافَتِھِ و لاتَأ لکُوُا مِنْ وَسَطِھِ
Terjime: Bereket tagamyň ortasyna inýär. Bes, onuň üçin siz naharyň
gyrasyndan iýiň, ortasyndan uýmäň.
Saçagyň üstüne elden gaçyp dökülen däneleri çöpläp, yzzat we ehteram
(sylag-hormat) bilen alyp iýmeli.
Hadys:
مَنْ أ کَلَ مَا سَقَطَ مِنَ المَائِدَةِ لَمْ یَزَلْ فِیْ سَعَةٍ مِنَ الرِّزْقِ و یُرْفَعُ الحُمُقُ عَنْھُ و عَنْ وَلَدِه و
وَلَدِ وَلَدِهِ
Terjime: Haýsy bir adam saçagyň üstüne gaçyp dökülen tagamy alyp
iýse, elmydama onuň yrsgaly artyk bolar. Ol adamyň özünden, ogulgyzlaryndan
we agtyklaryndan akmaklyk (samsyklyk) aýrylar. - 43 –
Hadys: کُلُوا مِمَّا یَسْقُطُ مِنَ المَائِدَةِ فَإنَّ ذَلِکَ مُھُوْرُ حُوْرِ العَیْنِ
Terjime: Siz tagamyň saçaga gaçanlaryny iýiň. Bes, dogrusy, şolary
iýmeklik ahyret aýallarynyň mehridir (ahyretde özüňe hyzmat etdirmek
üçin almak isleýän hüýr zenanlaryň üçin öňünden geçirilen galyň
ýalydyr).
Eger iýýän tagamyňyzdan bir lukma senden ýere gaçsa, şonu-da alyp
iýmeli.
Hadys: إذَا أ کَلَ أحَدُ مْک طَعَاماً فَسَقَطَتْ لُقْمَتُھُ فَلْیُمِطْ مَا رَابَھ مِنْھَا ثُمَّ لْیُطْعِمْھَ او لا یَدَعْھَا لِلشَّیْطَانِ
Terjimesi: Her wagt siziň biriňiz tagam iýseňiz, şol iýýän lukmaňyzdan
ýere gaçaýsa, bes, şondan “hapa boldy” diýip şeke düşen ýeri bar
bolsa, şol ýerini aýyrsyn, soňra bolsa şol lukmany iýsin, ony şeýtan
üçin goýmasyn.
Tagam iýmekde edep – her kim öz öňünden iýmeli, başgalaryň
öňünden iýmeli däl.
Hadys: کُلْ مِمَّا یَلِیْکَ
Terjime: Sen tagan iýmekde diňe öz öňüňden iý, halkyň öňüne el
uzatma.
Jemagatda halkdan öňünçä çekilme. Mümkindir sen çekilýäň diýip,
ýanyňdakylar-da utanyp çekinsin, özüne nahar gerek bolup duran
ýagdaýda bolsa-da.
Hadys: اکَنَ النَّبِیُّ صَلَّی للهُ عَلَیْھِ و سَلَّمَ إذَ أا کَلَ مَعَ قَوْمٍ کَانَ آخِرَھُمْ أکْلاً
Terjime: Pygamber aleýhissalam salam jemagat bilen nahar iýende,
iýýänleriň iň ahyrkysy bolardy, çünki halklary utandyrmajak bolup,
nahary gerekli adamlar utanmany gaýgysyz iýsinler diýip halkyň iň
soňundan çekilerdi.
Tagam iýýýäniň iki gözi diňe iýýän tagamynda bolsun, sagyna-soluna
bakmasyn. Lukmany azajykdan almaly, gowy çeýnäp, ýuwutmaly we
ýanyňdaky kişiniň lukmasyny gözlemeli däl. Bir kişi agzyndan şänik
ýa-da süňk çykarsa, ol adam ýüzüni nahardan sowmaly we çep eli bilen
almaly. Nahar iýmekde sukuwt (dymyp) oturmak mekruhdyr. Çünki ol
ýagdaý mejusylara (ilähi kitaby bolmadyk kapyrlara) meňzemekdir.
Her kim her wagt asgyrsa ýa-da üsgürse, ýüzüni nahardan sowsun ýada
eli bilen agzyny tutsun. Saçagyň başynda tebigaty islemeýän
(gelişmeýän) gürrüňleri etmeli däldir. - 44 –
Nahary iýip bolandan soňra barmaklary ýalamak sünnetdir.
Hadys: إذَا أ کَلَ أحَدُکُمْ طَعَاماً فَلا یَمْسَحْ یَدَهُ بِالمَنْدِیْلِ حَتَّى یَلْعَقَ أصَابِعَھُ
Terjime: Siziň haýsy biriňiz tagam iýseňiz, şol tagam iýýän elini çalgy
bilen süpürmesin tä barmaklaryny ýalaýança.
Ýagny, öňünçä barmaklaryny ýalamaly, ondan soňra süpürmeli ýa-da
ýuwmaly.
Hadys: إذَا أ کَلَ أحَدُکُمْ طَعَاماً فَلْیَلْعَقْ أصَابِعَھُ فَإنَّھُ لا یَدْرِىْ فِى أىِّ طَعَامِھِ تَکُوْنُ البَرَکَةُ
Terjime: Her wagtda siziň biriňiz tagam iýseňiz, ol adam barmaklaryny
ýalasyn. Bes, dogrusy, şol tagam iýýän adam bilmeýär iýen tagamynyň
haýsy birinde bereket bardygyny.
Hadys: إنَّ للهَ و مَلَائِکَتَھُ یُصَلُّونَ عَلَی الَّذِیْنَ یَلْعَقُوْنَ أصَابِعَھُمْ
Terjime: Dogrusy Taňry tebärek we tagalanyň özi rahmet edýär we
onuň perişdeleri istigfar aýdýarlar tagam iýip bolandan soňra
barmaklaryny ýalaýan adamlar üçin.
Nahar iýip bolandan soňra barmaklary ýalamaklyk sünnet bolşy ýaly,
iýen gabyňy-da ýalamaklyk sünnetdir.
Hadys: مَنْ أ کَلَ فِیْ قَصْعَةٍ ثُمَّ لَحَسَھَا اسْتَغْفَرَتْ لَھُ القَصْعَةُ
Terjime: Haýsy bir adam bir gapdan nahar iýse, ondan soňra ony
ýalasa, şol gap özüni ýalan adam üçin istigfar aýdar, şol ýalan adamyň
günäsiniň bagyşlanmagyny Allatagaladan dilär.
Biz Özbegistana eden saparymyzda Daşkendi, Samarkandy we
Buharany aýlanamyzdan soňra Hywa şäherindäki muzeýlere baryp
seredip ýörkäk, “Hörezm senetkärleriniň muzeýi” atly bir muzeýe
bardyk. Şol muzeýde bir tabak gördük. Ol tabak hijri-kamary senesiniň
1346-njy ýylynda bejerilipdir. Tabagyň gyrasyda bahry-hezej kanuny
bilen düzülen iki beýt goşgy ýazylpdyr:
Parsçasy:
ازان رزوی ک ھ ج نت ر ا بنا کر د ثوا ب ک اس ھ ل یس ان ر ا ج د ا کر د اگر د انی ثو اب ک اس ھ لیسی بجز ک اس ھ دگ ر چ یزی نھ لیسی Ez an ruzi ke jennet ra bena kerd Sawabe kase liýsaan ra joda kerd
Eger daani sawabe kase lisi Bejoz kase, diger çizi ne lisi
Terjimesi:
Taňry jennetini kylganda bina, Tabakçyň sogabyn eýledi jyda.
Käş, bilsediň sogabyny bu işiň, Tabak ýalamaklyk bolardy pişiň. - 45 –
Ýagny, Taňry tebärek we tagala behiştini bina eden gününde tabak
ýalamakda bendelerine berjek sogabyny beýleki sogaplardan aýry edip
goýdy. Eger sen tabak ýalanyň üçin Beýik Taňrynyň berýän
sogaplaryny bilsediň, diňe tabak ýalardyň, tabakdan başga zady
ýalamazdyň.
Hadys: قَالَ أنَسٌ: أمَرَ رَسُوْلُ للهِ صَلَّی للهُ عَلَیْھِ و سَلَّمَ بِإسْلَاتِ القَصْعَةِ
Terjime: Enes Razyallahu anh aýdypdyr: Hezreti Resul Ekrem sall
Allahu aleýhi wesellem bize naha iýen gabymyzy ýalamaklygy
buýurdy.
Hadys: مَنْ لَعِقَ الصَّحْفَةَ و لَعِقَ أصَابِعَھُ أشْبَعَھُ للهُ فِی الدُّنْیَا و الآخِرَةِ
Terjime: Haýsy bir adam özüniň nahar iýen tabagyny ýalasa we nahar
iýen barmaklaryny ýalasa, Taňry tebärek we tagala şol adamy dünýäde
we ahyretde doýurar.
Hadys: لا تُرْفَعُ الصَّحْفَةُ حَتَّی تُلْعَقُھَا فَإنَّ فِیْ آخِرِ الطَّعَامِ البَرَکَةَ
Terjime: Tabagy saçakdan götermeli däl tä şol tabak ýalanýança.
Dogrusy, bereket tagamyň soňky galan bölekleriniň içindedir.
Hezreti Ymam Muhammet Gazzaly aýdypdyr:
Arapçasy: مَنْ لَعِقَ القَصْعَةَ و غَسَلَھَا و شَرِبَ مَاءَھَا کَانَ لَھُ عِتْقُ رَقَبَةٍ
Terjimesi: Haýsy bir adam naharyň gabyny ýalasa, ondan soňra ol gaby
ýuwup, suwuny-da içse, göýä bir gul azat eden ýaly sogap gazanar.
Musulman doganlaryň seniň agzyňdan galan sarkydyňy dadyp,
haýyrlanar ýaly we şonuň bilen şypa tapar ýaly iýen iýmitleriňden we
içen içgilriňden bir mukdaryny galdyrmaly.
Hadys: إذَا شَرِبْتُمْ فَأسْئِرُ وا
Terjime: Her wagtda bir içgi içeniňizde gabyň düýbünde sarkyt goýuň.
Barysyny içip boşatmaň.
Hadys: سُؤرُ المُؤمِنِ شِفَاءٌ
Terjime: Musulmanyň sarkydy dertlere dermandyr.
Hadys: الشِّرْبُ مِنْ فَضْلِ المُؤمِنِ شِفَاءٌ
Terjime: Musulman doganyň artyndysyny içmeklik dertlere emdir.
Hezreti Şeýh ul-Aaryf eziz ussadymyz al-Haaj Ýarmuhammet ahun
tagsyr Rahmetallahu aleýh köp gürrüň bererdi. “Musulman sarkydynyň
şypalygyny aýnal-ýakyn (aç-açan) özüm gördüm” deýerdi. Bir gün bir
märekese bir suwlaň nahar (gaýnatma çorba) getirildi. Şony içip oturan
halymda bir süňk bogazymda keserip durdy. Ne aňyryk gitdi, ne-de - 46 –
bärik geldi. Meniň ýanymda oturan adam tabagyndan artdyryp, bir
mukdaryny içmän goýupdyr. Kalban (ýürekden) Allatagaladan
temenna etdim (diledim) “Ýa, Rebbim, Hudaýa! Hezreti Resulyň
gepinde hata (ýalňyşlyk) ýokdur. Ol “Musulman doganyň sarkydy
şypadyr” diýdi. Men-de şu musulman doganymyň sarkydyny şypa
niýeti bilen içýärin” diýip, şondan bir owurtladym. Süňk şol aanda (şol
wagtda dessine) agzymdan gaçdy” diýdi.
Hasyly kelam (bu gürrüňleriň netijesi) şudur, ki musulmanyň
sarkydyny iýmekde hem şypa bardyr, hem-de pespällik bardyr.
Hadys: مِنَ التَّوَاضُعِ أنْ یَشْرَبَ الرَّجُلُ مِنْ سُؤرِ أخِیْھِ
Terjime: Bir adamyň öz musulman doganynyň sarkydyndan içmekligi
pespällikdendir.
Hadys: رَفَعَھُ للهُ / مَنْ تَوَاضَعَ ِِ
Terjime: Haýsy bir adam towazyg (pespäl) bolup, Allatagala üçin
peslense, Allatagala-da onuň derejesini beýgelder.
Her wagt nahar iýlip bolanda, saçagyň üstündäki gap-çanaklary
götermeli, ondan soňra doga (töwür) etmeli.
Hadys: ثکَِیْراً / إنَّ النَّبِیَّ صَلَّی للهُ عَلَیْھِ و سَلَّمَ اکَنَ إذَا رُفِعَتْ مَائِدَتُھُ قَالَ اَلحَمْدُ ِِ
Terjime: Dogrusy, Resuly Ekrem salla Allahu aleýhi wesellem her
wagt saçak ýygnanyp, ortadan aýrylanda Allatagalaga köp hamdlar
aýdyp, doga ederdi.
Hadys: إذَا وُضِعَتْ المَائِدَةُ فَلَا یَقُوْمُ أحَدٌ حَتَّی تُرْفَعَ المَائِدَةُ
Terjime: Her wagt saçak ýazylgy bolsa, tä saçak ýynalyp göterilýänçä
hiç bir kişiniň saçagyň başyndan turmaklygy dogry däldir.
Hadys:
الَّذِیْ أطْعَمَنَا و سَقَانَ ا و اکَنَ رَسُوْلُ للهِ صَلَّی للهُ عَلَیْھِ و سَلَّمَ إذَ اأ کَلَ طَعَامَاً قَالَ: الحَمْدُ ِ
جَعَلَنَا مُسْلِمِیْنَ
Terjime: Hezreti Resul Ekrem salli Allahu aleýhi wesellem her wagt
tagam iýip bolanda şu dogany aýdardy: “Barça öwgüler Allatagala
üçündir. Ol Allatagaladyr ki bizi nahardan doýuran we içgiden
gandyran hem-de bizi musulman edip aýlandyran.
Naharyň bu dogasyny alymlar we ýaşulylar etmeli. Bilip goýuň ki
oturan adamlar hem “ämin” diýmeli. - 47 –
Hadys: لایَجْتَمِعُ مَلَأٌ فَیَدْعُوْ بَعْضُھُمْ و یُؤَمِّنُ بَعْضُھُمْ إلّا أجَابَھُمْ للهُ
Terjime: Bir jemagat üýşüp, olardan birnäçeleri doga etseler we
beýlekileri “ämin” diýseler, Allatagala şolaryň dogalaryny kabul eder.
Hadys: الدَّاعِیْ و المُؤَمِّنُ شَرِیْکَانِ فِیْ الأجْرِ
Terjime: Doga edýän bilen doga edýäne “ämin” diýýäne beriljek
sogapda ikisi ortak (deň) şärikdir. Doga edýäne berlen sogap, “ämin”
diýýäne-de berler.
Doga tamam bolandan soňra kary Kuran okamaly. Şony berk biliň ki
Kuran okalanda adamlar üns berip diňläp oturmaly.
Hadys: القَارِیْ و المُسْتَمِعُ فِیْ الأجْرِ شَرِیْکَانِ
Terjime: Kuran-y Mejid okalanda ony okaýan kary we şony diňleýän
adamlaryň barysy beriljek sogapda ortakdyrlar we şärikdirler.
Hadys: أفْضَلُ العِبَادَةِ قِرَآءَةُ القُرْآنِ
Terjime: Allatagalaga ybadat etmekligiň iň gowusy Allatagalanyň öz
kelamyny (Kurany Kerimi) okamaklykdyr we ony diňlemeklikdir.
Hadys: أذِیْبُوا طَعَامَکُمْ بِذِکْرِ للهِ و الصَّلَاةِ
Terjime: Siz naharyňyzy siňdiriň Allatagalany zikr etmeklik bilen we
namaz okamaklyk bilen.
Hezzret ul-şeýh hatem ul-mufesseriýn mawla ar-Rumul ymam ul-alem
ul-afzal Ysmaýyl Hakkyýul-Buruwsawi kuddus sirruh şu hadysyň
beýanynda şeýle diýipdir: “
Arapçasy:
وَ أقَلُّ ذٰلِکَ أنْ یُصَلِّیَ رَکْعَتَیْنِ أوْ یُسَبِّحَ مِائَةَ تَسْبِیْحَةٍ أوْ یَقْرَأ جُزْءً مِنَ القُرْآنِ عُقَیْبَ کُلِّ أکْلَةٍ
Terjimesi: Şol nahary siňdirmekligiň bar başy nahar iýeniňizden soňra
2 rekagat namaz okamaklykdyr, ýa-da 100 gezek tesbih aýtmakdyr, ýada
Kurandan bir para okamakdyr.
Kuran okalandan soňra, şol Kuranyň sogabyny hemme pygamberlere
we öwlüýälere, hususan-da Hezreti Muhammet salla Allahu aleýhi
wesellemiň ruhuna we onuň musulman ummatlarynyň ruhlaryna
bagyşlamalydyr. - 48 –
Hadys: إذَا دَعَوْتُمْ فَعَمِّمُ وا
Terjime: Siz her wagt doga etseňiz, dogalaryňyzy barça musulmanlar
üçin aam (umumy) ediň.
Dogada iki eliň arasyny açyp, aýalaryny asmana garşy serip doga
etmeli. Doga tamam bolandan soňra iki eliň bilen ýüzüňi sypamaly.
Hadys:
إذَا دَعَوْتَ للهَ فَادْعُ للهَ بِبَطْنِ کَفَّیْکِ و لاتَدْعُ بِظُھُوْرِھِمَا فَإذا فَرَغْتَ فَامْسَحْ بِھِمَا وَجْھَکَ
Terjime: Her wagt Allatagalany çagyryp, doga-dileg etseň, iki eliň iki
aýasyna asmana garşy açyp doga et. Iki eliň arkasyny asmana garşy
öwrüp doga-dileg etme. Doga edip bolanyňdan soňra iki eliň bilen
ýüzüňi sypala.
Nahar iýlip, doga edilenden soňra, adamlaryň ellerini ýuwdurmaly.
Öňinça ýaşulylaryň elini ýuwdurmaly, soňra ýaşkiçileriň ellerini
ýuwdurmaly. Eli ýuwlan adam suw akdyrýan üçin şu dogany etmeli:
Arapçasy: طَھَّرَکَ للهُ مِنَ الذُّنُوْبِ
Terjimesi: Taňry tebärek we tagala seni günäden päklesin.
Elini ýuwan adama elini süpürmek üçin çalgy (el süpürgiç) bermeli.
Her gezek legeniň suwuny boşadyp durmak mekruhdyr.
Hadys: اِمْلَأُوا الطُّسُوْسَ و لاتَشَبَّھُوا المَجُوْسَ
Terjime: El ýuwdurýan legenleriňi dolduruň, ondan soňra suwuny
döküň. Dinsiz kapyrlara (mejusylar) meňzeş bolmaň.
Hadys: أجْمِعُوا وُضُوْءَکُمْ یَجْمَعِ للهُ شَمْلَکُمْ
Terjime: El ýuwundyňyzy üýşüriň. Taňry tebärek we tagala-da siziň
darganlaryňyzy üýşürsin.
Ynha, şu aýdylyp geçen gürrüňler tagam iýmeklik hakynda
şerygaty şerifiň goýan edepleridir.
Hezret Aly Kerremullahu wejhehu şeýle diýipdir:
Arapçasy: أدَبُ المُؤْمِنِ خَیْرٌ مِنْ ذَھَبِھِ و خَیْرُ مِیْرَاثٍ
Terjimesi: Musulmanyň edebi elindäki altyndan gowudyr we ol
edep pygamberlerden galan haýyrly mirasdyr.
Allatagala barça musulmanlary yslam edebinden aýyrmasyn!
Ämin - 49 –
- 50 –
ÜNS BERIŇ, ÄGÄ BOLUŇ !
Eý, musulman doganlar! Uns beriň! Ägä Boluň!
Biziň iň uly duşmanlarymyz kapyrlardyr. Alla tebärek we tagala köp
aýatlarynda olary söýmekden we olaryň yzyna düşmekden nehi edipdir
(gaça durmagy buýrupdyr).
Aýat: یَ أای ھَا الَّذِیْنَ آمَنُوا لَا تَکُوْنُوا کَالَّذِیْنَ کَفَرُوْا
Terjime: Eý, imanly musulmanlar ! Siz dinsiz bolan kapyrlar ýaly
bolmaň, olaryň agyzlaryna öýkünmäň (Al-Ymran 156-njy aýat).
Aýat: یَ أای ھَا الَّذِیْنَ آمَنُوا لَاتَتَّخِذُوا الیَھُوْدَ و النَّصَارَى أوْلِیَآءَ
Terjime: Eý, imanly musulmanlar! Siz ýahudylary we nasranylary
(hristianlary) özüňize dost tutmaň (Al-Maide. 51-nji aýat).
Aýat: ُ عَلَیْھِمْ / یَ أای ھَا الَّذِیْنَ آمَنُوا لَاتَتَوَلَّوْا قَوْماً غَضِبَ ا َّ
Terjime: Eý, imanly musulmanlar! Siz Allatagalanyň gazaby özlerine
siňen ýahudylary dost tutmaň (Al-Mumtehene. 13-nji aýat).
Aýat: لَتَجِدَنَّ أشَدَّ النَّاسِ عَدَاوَةً لِلَّذِیْنَ آمَنُوا الیَھُوْدَ
Terjime: Eý, Muhammet aleýhissalam! Adamlaryň musulman
halklaryna iň ýaman duşmanlyk edýänleri hökman ýahudylardyr (Al-
Maide. 82-nji aýat).
Aýat:
لَتَتَّبِعُنَّ سُنَنَ الَّذِیْنَ مِنْ قَبْلِکُمْ شِبْراً بِشِبْرٍ و ذِرَاعاً بِذِرَاعٍ حَتَّى لَوْ دَخَلُوا فِىْ جُحْرِ ضَبٍّ لَاتَّبَعْتُمُوْھُمْ
Terjime: Siz hökman özüňizden ozalky geçen kapyrlaryň ýollaryna
garyşba-garyş, gezbe-gez boýun egersiňiz. Hat-da ol kapyrlar bir
paşlagyň (hažžygyň ýa-da zemzeniň) hinine girseler, siz-de şoňa girjek
bolup çapalanarsyňyz.
Kapyrlaryň geplerini kabul etmeli däldigi we sözlerine ynam ýoklugy
Allataglanyň şu aýatlaryndan we Pygamber aleýhissalamyň şu
geplerinden belli boldy. Mahsusan-da ýahudy jemagaty
musulmanlaryň garry duşmanydyr. Tefsirlere Ysraýylatlary
(ysraýyllaryň garaýşyny) goşanlar, köp kitaplara hurafatlary (ýalan
zatlary) salan, pygamberleriň we öwlüýäleriň şanlaryna laýyk
bolmajak (olaryň etmejek zatlary hakynda) kyssalary döreden, sahyh
(dogry) hadyslary mowsug (dogry däl) diýip, Pygamber aleýhissalamy
ýalançylykda aýyplan, her dürli görnüşli mubtadyglary (soň emele
getirilen, täze çykan ýalan garaýyşly adamlaryň toparlaryny) döredip,
musulman halklaryny pitnä oklanlar şol ýahudylardyr. - 51 –
Olar Yslama hemme tarapdan latma urýanlar (gara ýöňkeýärler),
hakykaty hurafat (ýalan) edip görkezýärler, dermanlary dert edip
görkezýärler, şypalary (emleri) kesel diýip aýdýarlar. Köp gapyllar
muny bilmeýärler we ýahudylaryň geplerini tumara gaplaýarlar. Hatda
alymlar-da ol mubtadyglaryň geplerine ynanyp, köp zyýan
çekýärler, soňra-da ökünýärler.
Hadys: مَنِ احْتَجَمَ یَوْمَ الأرْبَعَاءِ و یَوْمَ السَّبْتِ فَأصَابَھُ وَجْعٌ فَلَا یَلُوْمَنَّ إلَّا نَفْسَھُ
Terjime: Haýsy bir adam çarşenbe günüde we şenbe gününde hijamat
etse (arkasyndan gan aldyrsa), oňa bir agyry (kesel) sataşsa, goý ol hiç
kime aýyp etmesin, diňe özüne aýp etsin (hiç kimden görmesin, diňe
özünden görsün).
Hadys ymamlardan biri şenbe güni hijamat etdi we ol ala (pis açma)
kesele duçar boldy. Barça tebiplere bardy. Tebipleriň barysy onuň
alajyndan ajyz bolup, em edip bilmediler. Ol ymam zaru-tazarrug bilen
(aglap-eňräp) Allatagalany çagyryp, aglap, sejdä ýatan halynda
uklapdyr. Düýşýnde Pygamber aleýhissalamy görüpdir. Kesellegini
oňa şikaýat edip aýdypdyr. Pygamber aleýhissalam ondan “Çarşenbe
we şenbe gününde gan aldyrma” diýen hadysym saňa ýetişmedimi?”
diýip sorapdyr. Ol ymam aýdypdyr: “Ýa Resulalla! Men hadysyň
syhhatynda şeke düşdüm (dogrulygyna şek-şübhe etdim)”. Şonda
Pygamber aleýhissalam oňa şeýle diýipdir:
Arapçasy: لِمَ لَمْ تَحْتَطْ فِیْ کَلَامٍ رُوِیَ عَنِّیْ
Terjimesi: Näme üçin sen sen menden rowaýat edilen kelamda ehtiýat
etmediň (“Her näme bolsa-da pygamberiň aýdan sözi ýalan däldir,
diýip gorkmadyň” diýen manyda).
Ondan soň Pygamber aleýhissalam özüniň mübärek eli bilen şol ala
bolup duran ýerlerini sypalapdyr. Ýaňky ymam edil şol wagtda oýanyp
görse, endamyndaky ala keseli aýrylyp, tebygy (adaty) endam
bolupdyr.- 52 –
Ynha şu gazyýadan (gürrüňlerden) almaly ybrat (netije) şeýle: Eger
hadysda “Kaal an-nabiýýu” (Pygamber aýdypdyr) diýilen bolsa, oňa
sukut etmeli (dymyp durmaly) Pygamber aleýhissalamyň hatyry üçin.
“Bu hadys mowzugdyr” diýip, aýtmaklyga jesur bolamaly däl
(batyrgaýlyk etmeli däl). Elbet-de bolup biljek zat, şol ýahudylaryň
özleriniň we olaryň taýýarlan mubtadyglarynyň (hemme zada “bedgat”
diýýän, soňra täze çykan pyrkalaryň) köne kitaplara el urup, üýtgedip,
sahyhlary (dogrulary) mowzug (dogry däl), mowzuglary (dogry
dälleri) sahyh (dogry) eden bolmaklary mümkin. Olaryň hyýanatlary
guşlugyň güni ýaly äşgärdir. Gözler görendir, gulaklar eşidendir. Hiç
kime mahfy (gizli) däldir.
Doga – dileg:
Arapçasy:
مِنْ فِتْنَةِ دَجَّالِ ھَذَا الزَّمَانِ، – فَنَعُوْذُ بِا ِ
رَبِّ العَالَمِیْن. / سُبْحَانَ رَبِّنَا رَبِّ العِزَّةِ عَمَّا یَصِفُوْنَ وَ سَلَامٌ عَلَی المُرْسَلِیْن و الحَمْدُ ِِ
Terjimesi:
Eý, Allahym! Sen bizi şu zamanyň dejjallarynyň pitnesinden gorap
sakla.
Subhana Rabbinä, Rabbil-yzzatty amma ýasyfuwn we salamun
alal-Mursalyýn we Alhamdulillähi Rabbil-Älemiýn.
Temmet we Lillähil-hamd
Sene:
Hijri şemsi: 11.05.1400
Hijri kamary: 22 Zilhijje 1442
Milady: 02 Awgust 2021 - 53 –
Şükri nygmaty Alla
Şükur Alla, berdiň ryzky-ruzy,
Bagş etdin nygmaty-baryň ýagşysyn,
Ummaty Muhammet eýleyip bizi,
Egta etdin pygamberin ýagşysyn,
Hoja Ahmet Ýasawy hem Hemedany,
Gözli Ata, Şyh Kebir, Ak işan jany,
Pirleriň pirini Şeýhy Osmany,
Türkmene bagş etdin piriň ýagşysyn.
Sopy Allaýar, Magtymguly işany,
Tore ahun, Dagystany, weli Yarjany,
Abdyrahman ahun Teňli Tanany,
Türkmene bagş etdin ärin ýagşysyn.
Merwi, Horezimi, Ahal, Lebaby,
Balkanyň daglary, Türkmen sährany,
Garabulak şerif, Yrfanabady,
Türkmene bagş etdin ýerin ýagşysyn
Allajan kem etme şükr etmekden,
Adyňy gaýtalap zikr etmekden,
Ahyreti ýatlap pikir etmekden,
Nesip etdir imany-nuruň ýagşysyn
Yrfanabad, 2018-nji ýyl
Hajy Işan
Her mejlisde, söhbetde şat eýläň biz garyby,
Eý, ýaranlar, ýat ediň haýr-u dogada bizni.
- 52 –