سخنرانی 113 ـ پنج ناموس و شرافت انسان

دانلود سخنرانی شماره 113ـ 113nji wagzy göçürip alyň


مطالب مهم این سخنرانی:

استاد تنگلی سخن خود را با آیه ی 70 سوره ی اسرا شروع کرد و از شرافت انسان سخن گفت ـ وَلَقَدْ كَرَّمْنَا بَنِي آدَمَ وَحَمَلْنَاهُمْ فِي الْبَرِّ وَالْبَحْرِ وَرَزَقْنَاهُمْ مِنَ الطَّيِّبَاتِ وَفَضَّلْنَاهُمْ عَلَى كَثِيرٍ مِمَّنْ خَلَقْنَا تَفْضِيلًا ﴿۷۰﴾ ترجمه: و به راستى ما فرزندان آدم را گرامى داشتيم و آنان را در خشكى و دريا [بر مَرْكَبها] برنشانديم و از چيزهاى پاكيزه به ايشان روزى داديم و آنها را بر بسيارى از آفريده ‏هاى خود برترى آشكار داديم

خداوند در انسانها پنج ناموس (شرافت) به امانت گذاشته است، وقتی انسان خوب از آنها نگهداری کند باعث شرافت در دنیا و سربلندی و خوشبختی در آخرت خواهد شد

اولین شرافت، «شرف عقل» ـ عقل نوری است که انسان با آن راه هدایت را پیدا میکند، حتی امام اعظم رحمة الله علیه میفرمایند: اگر خداوند بر انسانها پیامبر نمیفرستاد، باز هم بر آنها واجب بود که با عقل خود خدا را دریابند ـ دلایل عقلانی برای وجود صانع (خداوند) از زبان چهار مجتهد اهل سنت ـ مناظره امام اعظم با یک دهری که خداوند را انکار میکرد ـ خداوند در قرآن کریم، کسانی که از عقل خود استفاده نمیکنند و در سرنوشت خود تفکر نمیکنند را با این آیه توصیف میکند: «أُولَئِكَ كَالْأَنْعَامِ بَلْ هُمْ أَضَلُّ» یعنی: آنان همانند چهارپايان بلكه گمراه‏ ترند ـ خداوند برای اینکه این ناموس در انسان در امان باشد، تمامی زائل کننده های عقل همچون شراب، مواد مخدر و غیره را برای انسان حرام نمود

دومین شرافت، «شرف بدن» ـ خداوند برای حفظ این ناموس در انسان، قتل و جرح و خودکشی را برای انسان حرام گردانیده و قصاص را برای قاتل واجب نموده است تا بازدارنده باشد برای حفظ این ناموس ـ هر آن چیزی که این بدن و این ساختمانی که خداوند بنا نهاده را خراب کند حرام شده است

سومین شرافت، «شرف مال» ـ پیامبر علیه السلام میفرماید: هر کس بخاطر مالش کشته شود شهید است ـ خداوند درباره اسراف در مال میفرماید: «وَلَا تُبَذِّرْ تَبْذِيرًا» یعنی: ولخرجى و اسراف مكن ـ خداوند میفرماید، مالی را که الله متعال برای شما داده است در جایی که طاعت و عبادت نباشد صرف نکنید چرا که اسراف محسوب میشود ـ خرج کردن برای عروسی های غیر اسلامی، از جمله ی پایمال کردن ناموس مال محسوب می شود

چهارمین شرافت، «شرف نسب» ـ خداوند برای حفظ این ناموس، زناکردن را حرام نمود تا مثل حیوانات نسب آنها  مختلط نشود ـ ناموس نسب، برای شناخته شدن و حفاظت از اصالت خود است ـ پیامبر علیه السلام میفرماید: نکاح سنت من است و هر کس از این سنت روی برگرداند از من نیست ـ بیان فلسفه نکاح دو چیز است: یکی «تعفف» یعنی خود را از زنا باز داشتن و عفیف ماندن، و دیگری «تناسل» یعنی ازدیاد امت محمد علیه السلام

پنجمین شرافت، «شرف دین» ـ ناموس دین، برترین و باارزش ترین ناموس انسان است چرا که چهار ناموس دیگر فدای دین میشوند ـ بخاطر ارزش و شرافت دین، خداوند در قرآن کریم میفرماید: وَقَاتِلُوهُمْ حَتَّى لَا تَكُونَ فِتْنَةٌ وَيَكُونَ الدِّينُ لِلَّه یعنی: با آنان بجنگيد تا ديگر فتنه‏ اى نباشد و دين مخصوص خدا شود ـ بیان معنای جهاد در راه خدا


:Bu wagzyň möhüm mazmunlary

Beýik ussat Abdyrahman ahun tagsyrlar öz sözlerini Kurany-Kerimiň “Isar” süresiniň 70-nji aýatyndan başlady we ynsanyň şerafaty we hormat-sylagy hakynda gürrüň berdi. Bu aýatyň terjimesi: “Dogrusy, Biz adam ogullaryny sylagly-hormatly etdik, olary gury ýeriň we suwuň (gaýyk, gämi bilen) üstünde otyrtdyk (orun berdik), arassa-päk bolan zatlarda rysgallaryny berdik hem-de olara özümiziň ýaradan köp görnüşli mahluklarymyzdan has ýokary we artykmaç derejeleri berdik”.

Allatagala ynsanlar 5 sany namysy (hormat-sylag, ar, at-abyraý) amanat edip berdi. Eger ynsan şol namyslary gowy edip gorap saklasa, onda hem bu dünýäde, hem ol dünýäde başy dik (sylag-hormatly, abyraýly) we bagytly bolar.

Birinji namys “akyl namysydyr”: Akyl bir nurdur, şonuň bilen ynsan öz gitjek ýoluny öwrenip, saýlap, tapyp bilýär. Bu barada Ymam Agzam rahmatullah şeýle diýipdir: “Eger Allatagala adamlary pygamberleri indermedik bolsady, şonda-da öz akyllaryny ulanyp Allatagalany tapmaklyk olaryň boýnuna wajyp bolardy”. Hemme zady ýaradyjy bolan Hudaýyň barlygynyň delilini akyl bilen subut edilişi hakynda dört müjtehidiň (4 mezhepbaşy ymamlaryň) aýdan sözleri. Ymam Agzamyň Hudaýyň barlygyny inkär edýän bir dehrini (tebygata ynanýanlar) bilen eden gürrüňi. Allatagala öz Kurany-Keriminde özüne berlen akly işletmeýän, öz ykbaly, kadary hakynda oýlanmaýan adamlar hakynda şeýle diýýär: “Olar dört aýaklylardyr, belki olar beter günäkärlerdir”.  Allatagala bu namysy aman saklamygy üçin arak-şeraby, narkotikleri we şuňa meňzeş akla zyýan berýän zatlary ynsanlar üçin haram etdi.

Ikinji namys “beden namysydyr”: Allatagala bu namysy gorap saklamaklary üçin ynsanlaryň janyna kast edip, adam öldürmekligi, özüne kast edip öldürmekligi haram etdi. Ynsanyň bu namysyny gorap saklamak üçin hat-da kasasy (“ölüme-ölüm” diýmek, ýagny, bir adamy kast edip öldüren kişini ar-namys almak üçin öldürmekligi) wajyp aýlandyrdy. Ynsandaky bar bolan bu namysy gorap saklamak maksady bilen Allatagala ynsanda ýaradan her bir agzasyna zerer-zyýan ýetirmekligi haram etdi. Tapawudy ýok, ol agzalara başga bir kişi tarapyndan zyýan ýetirilsin ýa-da hut şol adamyň özi öz agzasyna zyýan ýetirsin. Bularyň hemmesi haramdyr.

Üçünji namys “mal namysy”: Pygamber aleýhissalam şeýle diýipdir: “Her kim öz malyny-emlägini gorany üçin öldürilse, ol adam şehitdir”. Allatagala mal-emälgi isrip etmeklih hakynda şeýle diýipdir: “Biderek ýere sarp etme”. Allatagalanyň beren zadyny diňe tagat-ybadat üçin sarp etmeli, ondan başga maksat üçin sarp etmeklik isrip saýylýandyr. Puluňy, malyňy yslama gelişmeýän toýlara, mejlislere sarp etmeklik “mal namysyňy” ýere çalmaklyk diýmekdir.

Dördünji namys “neseb (gan garyndaşlyk) namysydyr”: Allatagala bu namysy goramak üçin zyna etmekligi haram etdi, haýwanlara meňzäp gan gatyşygy bolup, nesilleri zaýalanmasyn diýip. Neseb namysy – öz aslyňy, nesliňi, özüň nireden gelip çykanlygyňy, ýakyn garyndaşlaryň kimlerdigini bilmeklik üçin gerekdir. Pygamber aleýhissalam aýdypdyr: “Nika meniň sünnetimdir. Her kim mundan ýüz öwürse menden däldir”. Nika gyýmaklygyň pelsepesi iki zatdan ybaratdyr: Birinjisi, “te’afaf”, ýagny adamlary zyna etmekden goramak üçin. Ikinjisi, “tenasul”, ýagny, Muhammet pygamberiň ummatyndan bolan nesilleriň sanyny köpeltmek üçin.

Bäşinji namys “din namysydyr”: “Din namysy” ynsanyň namyslarynyň içinde iň gowusy we gymmatlysydyr. Onuň sebäbi-de munda ozalky sanalyp geçilen dört sany namysyň hemmesi şu “din namysyny” goramak üçin pida (gurban) edilýändir. Bu namysyň şeýle bir gymmatly zatdygyny nygtamak üçin, Allatagala öz Kurany-Keriminde şeýle buýurýar:”Olar bilen urşup, olary öldüriň, tä pitne aradan aýrylýança we diňe Allatagalanyň dini galýança”. “Allatagalanyň ýolunda jihäd etmek” jümlesiniň manysy hakynda gürrüňler.


تاریخ ضبط: 20 مرداد ۱۳۷۳ هجری شمسی

مکان ضبط: شهرستان گمیشان، روستای خواجه نفس

دیدگاهتان را بنویسید

نشانی ایمیل شما منتشر نخواهد شد. بخش‌های موردنیاز علامت‌گذاری شده‌اند *