سخنرانی 112 ـ مقام علماء و اهمیت اتحاد علماء و آحاد جامعه

دانلود سخنرانی شماره 112ـ 112nji wagzy göçürip alyň


مطالب مهم این سخنرانی:

ترجمه و تفسیر آیه ۱۱۹ سوره توبه ـ يَا أَيُّهَا الَّذِينَ آمَنُوا اتَّقُوا اللَّهَ وَكُونُوا مَعَ الصَّادِقِينَ ﴿۱۱۹﴾ ترجمه: اى كسانى كه ايمان آورده‏ ايد از خدا بترسید و با صادقین باشيد ـ این آیه دستور به دو چیز دارد: تقوا باشید و با صادقین باشید

تقوا یعنی امتثال اوامر و اجتناب نواهی یعنی: انجام دادن چیزهایی که خداوند امر نموده و اجتناب کردن از چیزهایی که نهی کرده است ـ بیان مقام علماء و عالمان دینی و بیان آیات مربوط به آنها ـ آیه 28 سوره فاطر ـ «انّما یخشی الله من عباده العلماء» یعنی: جز این نیست که از میان بندگان خدا، دانایان از او میترسند ـ آیه 9 سوره زمر ـ «هل یستوی الذین یعلمون و الذین لا یعلمون» یعنی: آیا کسانی که میدانند و کسانی که نمیدانند یکسان هستند؟

«با صادقین بودن»، دو نوع میشود: جسمانی و روحانی ـ «بودن جسمانی با صادقین» یعنی همیشه با آنها همراه باشی و در همه ی مراحل زندگی از آنها مشورت بگیری و با آنها هم صحبت بشوی ـ «بودن روحانی با صادقین» یعنی همیشه آنها را در قلب و روانت حاضر ببینی ـ اگر فقط کینونة جسمانی نجات بخش می بود بدون کینونة روحانی، سران قریش همچون ابولهب و ابوجهل نجات میافتند ـ از آن طرف، اویس قرنی فقط با کینونة روحانی توانست به درجات عالی برسد

عمل علماء شرط نیست بلکه گفته ی آنها شرط هست چرا که علماء نیز صاحب نَفْس و شهوت هستند و ممکن است خطایی از آنها سر بزنند  اما هیچ علمایی پیدا نمیشود که شراب و زنا و ربا را حرام نداند و نماز و روزه و زکات را فرض نداند ـ علماء ورثه ی انبیاء است و دوست داشتن علماء تنها برای دوست داشتن خداوند است نه برای منافع دنیوی

اهمیت صدق در رفتار و کردار ـ حکایت فرد کافری که به چهار چیز معتاد بود یعنی به شرابخواری، زناکردن، دزدی و دروغگویی و نزد پیامبر علیه السلام آمد و خواست که مسلمان شود اما ترک این چهار عمل را برای خود سنگین دید و از پیامبر علیه السلام خواست که تنها به ترک یکی از آنها دستور دهد، پیامبر علیه السلام نیز فقط ترک دروغگویی را توصیه کرد

 حدیث: علماء، چراغ های این امت هستند هم در دنیا و هم در آخرت، خوشا بحال کسانی که با علماء بوده و از آنها پیروی کرده اند و تابع آنها شده و آنها را دوست داشته اند و ویل و عذاب جهنم باد بر کسانی که علماء را انکار کرده و پشت آنها را خالی نموده و با آنها دشمنی پیشه کردند ـ حکایت شخصی از قوم فرعون که تنها شخصی بود که در دریا غرق نشد و بیشترین اذیت را به موسی علیه السلام میداد و علت غرق نشدن هم بخاطر پوشیدن چند لحظه ای لباس موسی علیه السلام بود چرا که خداوند به احترام لباس حبیب خود، از عذاب دادن آن صرف نظر کرد


:Bu wagzyň möhüm mazmunlary

Kurany-Kerimiň “Toba” süresiniň 119-njy aýatynyň terjimesi we tefsiri: “Eý, iman getirenler! Siz Allatagaladan gorkuň we sadyklar (dogruçyllar) bilen bile boluň”. Bu aýatyň ik sany hökümi bar: takwa boluň we sadyklar bilen boluň.

 Takwa bolamaklyk – bu et diýlen zatlary edip, gaç diýlen zatlardan gaça durmakdyr. Din alym-ulamalaryň derjelerini beýany hem-de olara degişli aýatlaryň beýany. Kurany-Kerimiň “Faatyr” süresiniň 28-nji aýatynda şeýle diýilýär: “Hudaýyň bendelerinden diňe bilýänler (alymlar) Allatagaladan gorkýandyrlar”. “Zümer” süresiniň 9-njy aýatynda bolsa şeýle diýilýär: “Heý-de bilýänler (danalar) bilen bilmeýänler (nadanlar) deň bolarmy?”.

“Sadyklar (dogruçyllar) bilen bolmaklyk iki hili bolýar: jismiň bile we ruhuň bile bolmaklyk. “Sadyklar bilen jismiň bile bolmaklyk” – bu hemişe olaryň ýanyna barmaklygy, durmuşda hemişe olar bilen maslahat edip, olardan öwüt-ündew almaklygy aňladýar.   “Sadyklar bilen ruhuň bile bolmaklyk” – bu olary ýüregiň bilen söýüp, hemişe olary öz ýanyňda bar saýmaklygy aňladýar. Bir tarapdan, ruhuň bilen däl-de diňe jismiň bilen ýanynda bolmaklyk bilen ýalkanylýan bolsa, onda kureýşiň adamlaraynda Ebu Leheb ýalylar hem pygamber aleýhissalamyň ýanynda bolmak bilen ýalkanardylar. Emma, başga bir tarapdan, uly öwlüýä bolan Weýsel Karany pygamber aleýhissalamy görmese-de, kalby bilen, ruhy bilen onuň ýanynda bolany üçin, uly derejelere ýetipdir.

Alym-ulamalaryň edýän işlerini etmek şert däl-de, olar ündeýän zatlaryny etmeklik şertdir. Alymlarda-da nebis bar, şehwet bar. Nebsine aldanyň ýalňyşlyk edip bilerler. Emma şeraby, zynany, göterimine (prosentine) pul alyp-bermekligi haram däl diýjek, namazy we orazany parz däl diýjek bir alym hem tapmarsyňyz. Alymlar pygamberleriň mirasdüşerleridir. Alylary diňe Hudaý üçin gowy görmelidir, olary diňe özüň üçin dünýä malyny, peýda gazanmak maksady bilen gowy görmek dogry däldir.

Özüňi alyp barmakda we amallaryňda dogruçyl bolmaklygyň ähmiýeti hakynda. Hekaýat: Dört sany ýaman işe (şerap içmeklige, zyna etmeklige, ogrulyk etmeklige we ýalan sözlemeklige) meşgul bolan bir adam pygamber aleýhissalamyň ýanyna gelipdir we musulman bolmak isläpdir. Emma bu dört işi terk etmek oňa agyr düşüpdir. Ol pygamber aleýhissalamdan şol işlerden diňe birini terk etmekligi maslahat bermegini haýyş edipdir. Pygamber aleýhissalam şonda ýalan sözlemekligi terk edip, hemişe dogrusyny sözlemekligi ündäpdir.

Hadys: “Alymlary bu ummatyň şohle saçýan çyralarydyr hem bu dünýäde, hem ahyretde. Hoşhal bolsunlar ol hili adamlar ki alymlar bilen bile bolanlar, olaryň yzyna düşenler, olara boýun egenler, olary söýenler. Emma, waý halyna ol hili adamlaryň halyna we jähennemde ýanjak adamlaryň halyna ki alymlary inkär edenler, alymlaryň yzyna düşmedikler, alymlary duşman saýanlar. Faraonuň kowmundan bolup, deňizde gark bolman galan ýeke-täk adamyň hekaýaty. Ol adam Musa pygambere hemmelerden beter azar ýamany beripdir. Muňa garamazdan suwdan halas bolupdyr. Onuň gark bolman galmagynyň  sebäbi biraz wagtlap Musa pygamberiň eşigini geýmegidir. Allatagala öz söýgüli dostunyň hormatyna pygamberiň eşiginiň degen bedenini suwa gark etmekden saklanypdyr.


تاریخ ضبط: 14 شهریور ۱۳۷۳ هجری شمسی

مکان ضبط: شهرستان گمیشان، ضیافت فارغ التحصیلی آقای خالدی

دیدگاهتان را بنویسید

نشانی ایمیل شما منتشر نخواهد شد. بخش‌های موردنیاز علامت‌گذاری شده‌اند *